taryhy-baslangyc-nokady-gadymy-gobeklidepe

Taryhyñ başlangyç nokady: Gadymy Göbeklidepe

Türkiýäniñ Şanlyurfa welaýatynyñ çäklerinde ýerleşýän we 12 müñ ýyllyk taryhy bilen “ taryhyñ başlangyç nokady” diýip taryplanýan we ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä Miras sanawynda orun alýan Göbeklidepe, dünýäniň üns merkezine öwrüldi.

02 Nisan 2021 15:49

Şanlyurfa şäheriniñ merkezine 18 kilometr uzaklykda orun alýan Örenjik mähellesiniñ golaýynda 1995-nji ýylda Medeniýet we Syýahatçylyk Ministiligi Medeni Gymmatlyklar we Muzeý Baş Müdirlikden alynan rugsatnama bilen Germaniýanyñ Arheologiýa Institusy we Şanlyurfa Muzeýi tarapyndan Prof. Dr. Schmidtyñ ýolbaşçylygynda gazuw-agtaryş işlerine başlandy.

Sebitde häzirki wagta çenli Neolitik döwre degişli bolan ýabany haýwan şekilli “ T” görnüşinde daşlar, 8-30 metr ininde togalak we göniburç şeklinde dünýäniñ iñ gadymy ybadathananyñ galyntylary, köp sanda ýabany haýwan şekilleri we zamanamyzdan 12 müñ ýyl ozala degişli bolandygy nygtalýan 65 santimetr uzynlygynda adam heýkeli ýaly taryhy eserler gün ýüzüne çykaryldy.

Göbeklidepe adamzadyň guran ilkinji buthanasynyň ýerleşýän meýdany, taryhyň gaýtadan ýazylmagyna sebäp döretdi.

Gadymy Göbeklidepe, 2011-nji ýýlda ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä Miraslarynyñ wagtlaýyn sanawyna gizildi, 2018-nji ýylyñ 1-nji iýulynda Bahreýnde geçirilen 42-nji Bütindünýä miras komitetiniň mejlisinde bolsa Bütindünýä miras sanawyna sanawyna girizildi.

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan 2019-njy ýylyñ 8-nji martynda resmi açylyş dabarasy bolan we şol ýylyñ “Göbeklidepe ýyly” diýip yglan edilmegi bilen Göbeklidepe sebiti ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ üns merkezine öwrüldi. Bilinýän iň gadymy ýaşaýyş ýeriniň gurlan zolak syýahatçylaryň gezip-görmegine açyldy.

Habarlar