taryhy-tebigat-bilen-birles-n-turki-ni-tunjeli-wela-atyny-cemisgezek-etraby

Taryhyñ tebigat bilen birleşýän Türkiýäniñ Tunjeli welaýatynyñ Çemişgezek etrabynda bahar paslynyñ gözelligi

Tunçelide bahar paslynyñ gelmegi bilen ýaşyl begres geýen Çemişgezek etraby, taryhy ýerleri, şarlawuklary, akarsuwlary we köprüleri bilen sebitde ýaşaýan raýatlaryna we töweregindäki welaýatlardan gelýän myhmanlara gujak açýar.

08 Nisan 2022 21:12

Dik daglaryň arasynda orun alýan Tunjeli, ýylyň  her paslynda özboluşly tebigy gözelligi bilen gezelenç we surata düşmek  isleýänleriñ ýygy-ýygydan dynç alýan üçin gelýän ýeridir.

Tunjeliñ Çemişgezek etraby tebigy gözelligi we taryhy mekanlary bilen tapawutlanýar.

Gyş möwsüminden soñ badam agaçlarynyň gülleýän etrapda ýaşyl öwüşgin bilen örtülen tebigat özboluşly peýzaž döredýär.

7 müñe golaý ilatly etrapda, Tagar jülgesi, In gowaklary, Uzyn Hasanyñ kümmeti, Gala metjidi, gadymy hammam, Tagar köprüsi we Hamidiýe medrese orun alýar. Bu ýerler syýahatçylyk pudagy taýdan uly ähmiýete eýedir.

Gündelik gezelençler bilen töwerekdäki welaýatlardan sebite gelýän myhmanlar bu ýerde tebigy we taryhy gözellikleriň arasynda wagt geçirýärler we surata düşýärler.

Habarlar