tatarstanda-nowruz-ba-ramy-uly-josgun-bilen-bellendi

Tatarstanda Nowruz Baýramy uly joşgun bilen bellendi

Türk Dünýäsiniñ umumy baýramy bolan Nowruz baýramy Tatarstan Respublikasynyñ paýtagty Kazanda uly joşgun bilen bellendi.

25 Mart 2021 10:51

Kazan şäheriniñ aýlaw meýdanynda Tatarstan Halklar Dostlugy Assambleýasy tarapyndan gurnalan Nowruz baýramçylyk çärede, 11 sany Türki dilli halklaryñ wekilleri milli däp-dessurlaryny tanatdylar, aýdym-sazlar we tanslar ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk çärede Nowruz baýramyna bagyşlanyp taýarlanan milli tagamlar myhmanlara hödür kerem edildi.

Baýramçylyk çärä Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan Respublikalarynyñ başkonsullary gatnaşdy.

Nowruz baýramyna bagyşlanyp “ Nowruz Gözeli” we “ Nowruz Gahrymany” bäsleşikleri gurnaldy. “ Palaw Festiwalynda” iñ lezzetli palawy taýarlan topara uly palaw gazany sowgat edildi.

Tatarstanda soñky ýyllarda döwlet hemaýasynda bellenýän Nowruz baýramy 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli bellenmändi.

Habarlar