tb-we-aa-hyzmatdaslykda-turki-ede-okary-okuw-ja-laryndan-ucurym-bolan-dasary

ÝTB we AA hyzmatdaşlykda Türkiýede ýokary okuw jaýlaryndan uçurym bolan daşary ýurtlylar üçin “ Täze Nesil Metbugat Bilim Meýilnamasy” başlady.

Anadoly Agentligi ( AA) we Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar ederasy ( ÝTB) hyzmatdaşlykda metbugat, aragatnaşyk, media-ýaýlym, žurnalistika we sosial media pudaklarynda aragatnaşyk bilen gyzynlanýan Türkiýe uçurymlary üçin “Täze Nesil Metbugat Bilim Meýilnamasy” başlady.

15 Mart 2021 21:38

Türkiýe uçurymlary üçin media okuwlarynyñ 1-nji basgançagyny emele getirýän meýilnamanyñ açylyş dabarasynda çykyş eden Anadoly Agentliginiñ habar akademiýasynyñ müdüri Alptekin Jihangir İşbilir: “ ÝTB bilen bilelikde gurnadygymyz bu meýilnama Türkiýe uçurymlary üçin ilkinji gezek durmuşa geçirilýär. Esasanam žurnalistika bölümüni tamamlan we media pudagynda işlemek isleýänleriñ gatnaşýan media akademiýa we täze nesil metbugat bilim meýilnamanasy ilkinji tapgyrda 5 gün dowam eder. Soñ  bolsa meýilnamany hasam ösdüreris” -diýdi.

İşbilir, Anadoly Agentliginiñ tejribelerini Habar Akademiýasy arkaly dost we doganlyk ýurtlaryñ media uçurymlary bilen paýlaşmaga dowam etjekdigini nygtady.

Dabarada çykyş eden ÝTB Türkiýe Uçurymlary Kordinatory Dr. Muhammet Musa Budak hem öz nobatynda bu meýilnama bilen Türkiýe uçurymlary üçin hünär tejribesini ýokarlandyrmak we tejribe alyş- çalşygy maksatlanandygyna ünsi çekdi.

Budak, dünýäniñ 160-dan gowrak ýurdundan 150 müñden gowrak  uçurym üçin tapawutly pudaklarda meýilnamalaryñ durmuşa geçiriljekdigini nygtap Türkiýäniñ köñül ilçileri bolan Türkiýe uçurymlary bilen gurulan baglary goramaga we hasam pugtalandyrmaga dowam ediljekdigini nygtady.

Online görnüşde 15-19-njy mart aralygynda geçiriljek maksatnamanyñ okuw meýilnamasynda "žurnalistika gün tertibi we çeşme", "Habar ýazmagyň usullary", "Söhbetdeşlik usullary" ýaly esasy žurnalistika sapaklaryndan başga-da, "Krizis sebitleri we çaknyşyk derňewi", "Halkara žurnalistika okuwlary" we "Täze Mediýa we Sosial Mediýa Programmalary" ýaly tapawutly hünärmenlik sapaklary bar.

Türk dilinde geçiriljek okuwyñ ahyrynda gatnaşyjylara şahadatnama beriler.

Habarlar