tbmm-russi-any-ukraina-garsy-basladan-harby-operasi-asyna-reaksi-a-gorkezdi

TBMM, Russiýanyñ Ukraina garşy başladan harby operasiýasyna reaksiýa görkezdi

TBMM-niñ Baş Baş Assambleýasynda syýasy partiýalaryñ wekilleri Russiýa-Ukraina krizisi barasynda çykyş etdiler.

24 Şubat 2022 18:56

Türkiýe Beýik Millet Mejlisindäki syýasy partiýalaryñ wekilleri mejlis kürsüsünden eden çykyşlarynda,  Russiýanyñ Ukraina garşy başladan harby operasiýasyna berk reaksiýa görkezdiler. Türkiýäniñ krizisiñ çözülmegi üçin başyndan bäri uly tagalla edýändigi bellenip Türkiýaniñ Ukrainanyñ toprak bitewiligi we syýasy ygtyýarynyñ goralmagyny goldaýandygy bellendi. 

Türkiýäniñ "ýurtda parahatçylyk dünýäde parahatçylyk” şygary astynda sebitde parahatçylyk we durnuklulugyñ üpjün edilmegi üçin ähli gadamlary atmaga dowam eder diýildi.

Garadeñiziñ howpsuzlygynyñ Türkiýe üçin iññän möhim bolandygy nygtalyp Russiýa we Ukrainanyñ döwlet ýolbaşçylary bilen Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip taraplara sagdynpikirlilige çagyryş berendigi ýatladyldy.

Türkiýäniñ, Ukrainadaky 15 müñden aşa raýatlaryna daşary işler ministrligi tarapyndan telefon arkaly jañ edilp ýa-da sms ugradylyp howpsuzlyklarynyñ üpjün edilmegi we raýatlaryñ ýurda getirilmegi boýunça degişli çäreleri görendigi we görýändigi habar berildi.

Türkiýäniñ Russiýanyñ halkara hukugy basgalaýan bu harby operasiýasyny soñlandyrmagy üçin çagyryş berildi.

Habarlar