tdg-ni-bas-sekretary-amre-ew-gazagystany-durnuklylygy-turki-dun-sini-abadan

TDG-niñ baş sekretary Amreýew: Gazagystanyň durnuklylygy türki dünýäsiniň abadançylygynyñ aýrylmaz bölegidir

Türki Döwletleriñ Guramasynyñ baş sekretary Bagdat Amreýew, Gazagystanyň durnuklylygynyň we gülläp ösmeginiň türki dünýäsiniň abadançylygynyň aýrylmaz bölegi bolandygyny aýtdy.

11 Ocak 2022 15:59

Türki Döwletleriñ Guramasynyñ baş sekretary Bagdat Amreýew sanly ulgam arkaly Gazagystanda baş berýän wakalar güntertibi bilen geçirilen daşary işler minsitrleriñ nobatdan daşary maslahatyna gatnaşdy.

Gazagystanda baş berýn wakalary üns merkezlerinde saklamaga dowam edýändiklerini nygtan Amreýew, guramanyñ agza we synçy ýurtlarynyñ arasynda utgaşyklygy üpjün etmek üçin ähli tagallalary edýändiklerini aýtdy.

Gazagystanda durnuklylyk we parahatçylygyñ gaýtadan dikeldilmeginiñ ähmiýetine ünsi çeken Amreýew, Gazagystanyň hökümetiniñ we doganlyk gazak halkynyň paýhasy we islegi bilen ýurtda asudalygy we tertip-düzgüni dikeltjekdigine ynanýandyklaryny aýtdy.

Gazagystanyñ Türki dünýäsi üçin eýe bolan ähmiýetini belläp geçen Amreýew:” Gazagystanyñ topragy ähli türkleriň watany, şonuň üçin Gazagystanyň durnuklylygy we gülläp ösmegi türki dünýäsiniň abadançylygynyň aýrylmaz bölegidir.”-diýdi.

Bagdat Amreýew, Gazagystanyñ Almaty we başga şäherlerinde aşa güýçleriñ bikanun aksiýalary netijesinde häzirki zaman taryhynyñ iñ esasy döwrüni başdan geçirendigini nygtap: “Guralan terrorçylykly hüjümler Gazagystanyñ garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygy nyşana aldy. Bu sebäpdenem Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew bu weýrançylykly aksiýalaryñ öñüni almak we ýurduñ konstitusion düzgününi basgalan aksiýalary durdurmak üçin möhim kararlar kabul etdi. Şonuň üçin Gazagystanyň hökümetiniñ  ýanynda durmalydyrys we Gazagystanyň kanuny ýolbaşçylaryna doly goldaw bermelidiris.”-diýdi.

Amreýew, Gazagystanda baş beren soňky wakalaryň türki dünýäsinde howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini aç-açan görkezendigini belläp sekretariat hökmünde agza we synçy ýurtlaryň edýän tagallalaryny utgaşdyrmaga taýýardyklaryny aýtdy.

Baş sekretar Tokaýew, Gazagystanda soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda prezident Kasym ŽomartTokaýewa hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.

Bagdat Amreýew, baş beren wakalarda gurban bolanlaryň ähli dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna hem öz adyndan hem-de Guramanyñ adyndan  gynanjyny we medet beriji sözleri, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Habarlar