tetowodaky-osman-eserleri-unsi-ozune-cek-r

Tetowodaky Osman eserleri ünsi özüne çekýär

Demirgazyk Makedoniýanyñ Tetowo şäheri, Osman imperiýasynyñ döwründe gurlan Alaja metjidi we Harabati Baba dergähi bilen ünsi özüne çekýär.

30 Aralık 2021 18:45

Ýurduñ taryhynyñ tapawutly döwürlerine şaýatlyk eden Tetowo şäheri, IV asyrda Osman imperiýasynyñ topraklaryna goşulýar. Şäher adyny şol döwürde Anadoludan göçip gelenler  üçin ulanylan “ kalkan gelen” sözünden dörändigi rowaýat edilşi ýaly şähere göçip gelen Anadoly halkynyñ bu ýerde ýasan “kalkan delen” atly ýaragdan alandygy gürrüñ berilýär.

Alaja metjidi

Zamanamyza Osman binagärliginden miras galan iñ naýbaşy eserlerden biridir. Şäheri ikä bölýän Pena derýasynyň baş ujynda ýerleşýän bu metjit, owadan görki bilen ünsi özüne çekýär.

XV asyrda gurlan we “Paşa metjidi” diýip bilinýän metjid içerki we daşarky bezegleri bilen seýrek metjitleriň biri hökmünde kabul edilýär.

Metjidiñ howlusynda Hurşide we Menşure aýal doganlaryñ kümmetleri bar. Alaja metjidi, XIX asyrda uly abatlaýyş işi geçirip şugünki görküne eýe boldy.

Şäheriñ nyşanasyna öwrülen metjidiñ iñ esasy aýratynlyklaryndan biri reñkli içerki we daşarky bezegleriniñ bolşy. Rowaýata görä bezeglerde ulanylan boýaglaryñ reñkiniñ solmazlygy üçin 30 müñ sany ýumurganyñ agy ulanyldy. Metjidiñ içi bolsa Mekke we Yslam şäherleriñ suratlary bilen bezelen.

Toplum görnüşde gurlan metjidiñ edil ýanynda myhmanhana we derýanyñ  beýleki ýakasynda bolsa köne hammam orun alýar.

Harabati Babanyñ dergähi

Bektaşiler Tetowo şäherine XIII asyrda geldi we dergähiñ düýbi Kanuny Soltan Süleýman döwrüniñ wezirlerinden Serwer Ali Paşa tarapyndan 1538-nji ýylda atylandygy rowaýat edilýär.

Dergähiñ 24 müñ inedördül metre golaý meýdanynda metjid, myhmanhana, aş öýi, kerwansaraý, kazarma, garawul diňi, ymamyň öýi, zikr otagy we çüwdürim bar.

Habarlar