toktogul-satylganow-gyrgyz-edebi-atynda-uly-yz-galdyran-halk-bagsy

Toktogul Satylganow- Gyrgyz edebiýatynda uly yz galdyran halk bagşy

Toktogul Satylganow, Türki dünýäsiniñ aýdyşyk sungatynyñ iñ esasy wekillerinden biri bolup kabul edilýär.

24 Aralık 2021 18:55

Halk şahyry, bagşy we kompozitor Toktogul Satylganow Gyrgyzystanyñ Os sebitiniñ Ketmen-Töbö etrabynda 1864-nji ýylda dünýä indi. Çagalyk döwründe ejesi oña elmydama ertekiler gürrüñ berdi. Bu oña kiçi ýaşdan bagşylyk sungatyna bolan höwesini has-da artdyrdy.

Toktogul 12 ýaşyndan başlap komuz çalyp halk aýdymlaryny ýerine ýetirmäge başlady. Ýigrimi ýaşlarynda bolsa özünden uly bagşylar bilen aýdyşyp olary ýeñip halk arasynda tanymal bolmaga başlady.

Toktogul Satylganow, Orslaryñ sebitde sosial, ykdysady, dini we medeni basyşlaryna garşy çykdy.

1898-nji ýylda Andyžan sebitinde baş beren goşgalaña gatnaşandygy sebäpli Rus Imperiýasy tarapyndan ilki ölüm jezasy berildi soñ bolsa jezasy Sibire sürgün edilmek bilen üýtgedildi. Şahyr 1902-nji ýylda Sibirden gaçýar we 1904-nji ýylda Gyrgyzystana ýetýär. Ýöne gaýtadan tutsag edilip sürgüne ugradylýar. 1910-njy ýylda jezasyny tamamlap ýurda gaýdyp geleninde ogly Topçubaýyñ ýogalandygyny, söýýän aýalynyñ başga biri bilen durmuşa çykandygyny öwrenýär. Ejesi bolsa görgi hasratdan gaty garrapdyr. Ol başyndan geçiren ajy wakalary eserlerinde ýazýar.

Toktogul sürgün jezasyndan soñ toý we jynazalarda halk aýdymlaryny ýerine ýetirip güzeranyny görýär. Onuñ köp sanda eseri döwründe ýazylman, köpçüligiň agzynda ýaşapdyr. Eserleriniñ esasy mowzugy däp-dessurlar, tebigat, söýgi, çagalar, sungat we milli gymmatlyklar bolupdyr.

Toktogul Satylganow 1933-nji ýylyñ 17-nji fewralynda dünýeden ötdi. Onuñ hormatyna paýtagt Bişkekde heýkeli dikilip ýadygärlik mazary ýasaldy. Oña Gyrgyz edebiýatynyñ nusgawy halk şahyry we onuñ adyna “Gyrgyz Döwlet baýragy” gowşurulýar.

Gyrgyz medeniýetine we edebiýatyna goşan uly goşantlary bolan Toktogulyñ ady  Gyrgyz Döwlet filarmoniýasyna, köçelere, oba guramalaryna, mekteplere dakyldy. Gyrgyzystanyñ milli pul birligi bolan 100 som banknotda Toktogulyň suraty orun alýar.

2014-nji ýylda türki dilli döwletleriñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan bagşy Toktogul Satylganowyñ doglan gününiñ 150-nji ýyly mynasybetli “Toktogul Satylganow” ýyly diýip yglan edildi.

Habarlar