trans-hazar-koridoryny-esasy-porty-aktau

Trans Hazar koridorynyň esasy porty: Aktau

Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän port şäheri Aktau, Hazar koridorynyň ugrundaky ýerleşişi bilen ünsi özüne çekýär.

08 Temmuz 2022 22:56

“Ak dag” manysyny añladýan Aktau, Gazagystanyñ günorta günbatarynda orun alýan Mangistau ýarymadada orun alýar.

Mangistau welaýatynyñ dolandyryş merkezi bolan Aktau, Hazar deñziñ kenarynda tutýan orny bilen Azerbaýjan, Russiýa, Türkmenistan we Eýran bilen umumy deñiz kenaryny paýlaşýar.

Gazagystanyñ deñize açylan ýeke täk gapysy bolan Aktau, 2018-nji ýylda Hazar deñziñ hukuky statusyna eýe bolan 5-nji Hazarýaka döwletleriñ sammitine ýer eýeçiligi edip adyny bütindünýä mälim etdi.

Ýurduň nebitiniň 25 göterimi Mangistauda öndürilýär.

Aktau şäheriniñ orun alýan Mangistau ýarymada açyk howa muzeýine meñzeýär. Bu sebitde millionlarça ýyllyk akula galyndylary we dişlerine gabat gelip bolýar.

Gazagystanyñ ynanç syýahatçylygynyñ merkezi bolan Mangistauda Beket Ata, Şopan ata ýaly ýerasty metjitler orun alýar. Bu mukaddes mekanlary zyýarat etmek üçin her ýylyñ tomus paslynda ýurduñ çar künjeginden adamlar gelýärler.

Bular bilen bir hatarda ýurduñ nebitiniñ 25 göteriminiñ öndürülýän Mangistau welaýaty tebigy gaz, mis, fosforit, gaýa kristal, magdan we uran ýaly baý tebigy baýlyklar çykarylýar.

Aktau şäheriniñ iñ esasy aýratynlygy bolsa çölüñ ortasynda gurulmagydyr.

Ýurt garaşsyzlygyny yglan edeninden soň bedew badynda ösen Aktau şäheri, diňe bir ýurduň däl, eýsem Hazar sebitiniň çalt ösýän şäherleriniň arasynda orun alýar.

Aktau, bir şäher bolup 1963-nji ýylda gurulmaga başlandy. Bu şäheriñ iñ esasy aýratynlygy bolsa çölün ortasynda gurulmagydyr. Bu ýerde suw çeşmesi ýok. Agyz suwy hökmünde bolsa Hazar deñziñ suwy ulanylýar.

Ilatynyñ aglabasynyñ nebit we tebigy gaz pudagynda işleýän sebitde soñky döwürde transport we syýahatçylyk pudaklarynda möhüm mümkinçilikler hödürlenýär.

Soñky ýyllarda hazar deñiziñ kenaryndaky Aktau şäherini syýahatçylyk sebitine öwürmek üçin uly işler alynyp barylýar. Sebitde 5 ýyldyzly myhmanhanalaryñ gurluşygy dowam edýär.

Aktauda erkin ykdysady zolak bar. Bu zolakda daşary ýurtly maýadarlar salgytdan daşarda tutulýar.

Beýik ýüpek ýolunyñ ugrunda orun alýan Aktau şäheri, şugünki gün Ýewropa, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Gazagystan we Hytaý arasyndaky esasy strategik aragatnaşyk ýoly bolup Trans Hazar koridoryñ ugrundaky  ýerleşişi bilen ünsi özüne çekýär.

Hazar deňziniň gündogar kenarynda we Aktau şäherinden 90 km uzaklykda ýerleşýän Kuryk porty, ýylyñ dowamynda bu ugurlarda ulag, demirýol we gämiler bilen daşalýan ýükleriň üstaşyr geçmegini kabul edýär we geçişi üpjün edýär.

Kuryk porty, ýurduñ garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soñ gurlan ilkinji port bolma aýratynlygyna eýe.

Habarlar