trt-ni-asgabatdaky-wekilhanasy-ba-raga-mynasyp-boldy

TRT-niñ Aşgabatdaky wekilhanasy baýraga mynasyp boldy

TRT-niñ Aşgabatdaky wekilhanasynyñ gysga metražly filmi, Türkmenistanda geçirilen kinofestiwalda baýraga mynasyp boldy. “Merjen şäher Aşgabat” atly gysga metražly film, “ iñ gowy ssenariýa” baýragyna mynasyp boldy.

14 Eylül 2021 10:40

Türkmenistanyň telewideniýe, radiýogepleşikler we kinomatagrafiýa “Türkmenfilm” önümçiligi dokumental we çeper filmleriň “Meniň Watanym” atly festiwalyny geçirdi.

Kinofestiwal Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy we talantly kinorežisýorlary, dramaturglary, operatorlary ýüze çykarmak şeýlede,garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri çeperçilik bilen beýan edýän kinolary döretmek üçin geçirildi.

Kinofestiwala gatnaşan TRT-niñ Aşgabatdaky wekilhanasy “iñ gowy ssenariýa” baýragyna mynasyp boldy.

Filmiñ ssenariýasyny ýazan TRT-niñ Aşgabatdaky wekili Ugur Sami Gezer beren interwýusynda filmiň ssenariýasyny Türkmenistanyñ şanly Garaşsyzlygynyñ 30 ýyllygyna bagyşlap taýarlandygyny nygtap “ bu filmi merjen şäher Aşgabadyñ baş mimary, döwlet ýolbaşçysy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş Türkmen doganlarymyza TRT maşgalasy bolup sowgat edýäris”-diýdi.

Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Inji hem beren beýanatynda “ Merjen şäher Aşgabat” atly gysga metražly film üçin TRT Guramasyna sagbolsun aýtdy we filmiñ Aşgabat şäheriniñ bütindünýäde tanadylmagyna goşant goşjakdygyny belledi.

Habarlar