trt-ni-ukraina-bilen-bilelikde-ceken-klondike-atly-ceper-filmi-prem-erasy-g

TRT-niñ Ukraina bilen bilelikde çeken “ Klondike” atly çeper filmiñ premýerasy geçirildi

Türkiýe-Ukraina bilelikde çeken “ Klondike” atly çeper filmiñ ýewropa premýerasy geçirildi. bu çeper film, 72-nji Halkara Berlin Film festiwialy “ Berlinale”-de tomaşaçylaryñ dykkatyna ýetirildi.

16 Şubat 2022 09:36

Ilkinji gala görkezilişi üstümizdäki ýylyñ ýanwar aýynda ABŞ-da Sundance film festiwaly çäginde geçirilen “ Klondike” çeper filmi, ýewropada tomaşaçylaryñ dykkatyna ýetirildi.

Ukraina döwlet film agentligi, Türkiýäniñ medeniýet we syýahatçylyk ministrligiñ çeper filmler baş müdürligi we Türkiýe radio-telewideniýe guramasynyñ bilelikde çeken “ Klondike” çeper filmi, Halkara Berlin Film Festiwalyñ panorama bölüminde görkezildi.

Çeper filmiñ režisýory Maryna Er Gorbaçyñ bolan çeper filmde, Ukraina-Russiýa serhedinde ýerleşýän oba separatist toparlar tarapyndan gurşalan bolmagyna garamazdan öýüni taşlap gitmeýän göwreli zenanyñ hekaýasy gürrüñ berilýär.

Çeper film, Sundance film festiwalynda “ iñ gowy režissýor” baýragyna eýe bolupdy.

Habarlar