turk-alpinistleri-hojaly-sehitleri-ucin-haca-dagyna-dyrmasdylar

Türk alpinistleri Hojaly şehitleri üçin Haça dagyna dyrmaşdylar

Türk alpinistleri 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Azerbaýjanyň Hojaly şäherinde şehit edilen 613 sany Azerbaýjan raýatyny Nahçywandaky Haça dagynyň çur depesinde hatyraladylar.

22 Şubat 2021 16:56

Hojaly gyrgynçylygynyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen hatyralama çäresi Alpinizm we Açyk sport kluby, Azerbaýjan Dil, Taryh we Medeniýet Bileleşigini Goldama Jemgyýetçilik Guramasy we Azerbaýjan Kars Baş konsullygy tarapyndan guraldy.  Bu çäräniň çäginde Türkiýäniň tapawutly sebitlerinden 15 alpinist Ygdyr welaýatynda ýygnanşyp Nahçywana geçdiler. Haça dagynyň çur depesine dyrmaşan alpinistler ol ýerde “ Hojaly şehitlerini minnetdarlyk we hormat bilen ýatlaýarys" ýazgyly pankart we Türkiýe- Azerbaýjan baýdagyny asdylar.

Alpinizm we Açyk sport klubynyň başlygy Orhan Kozan, Hojaly şehitlerini hatyralamak üçin 6 ýyldan bäri Haça dagyna dyrmaşma çäresini gurnaýandyklaryny aýtdy.

Habarlar