turk-astronomy-matematik-we-dilci-ali-kuscu

Türk astronomy, matematik we dilçi Ali Kuşçu

Beýik alym Ali Kuşçu, bilim dünýäsine adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

11 Mart 2022 22:57

Ali Kuşçu 1403-nji ýylda Samarkand şäherinde dünýä indi.

Başlangyç bilimini Samarkantda alan Ali Kuşçu, soň bolsa Bursaly Kadyzade Rumi we Ulug Begden matematika we astronomiýa sapaklaryny aldy.

Alymlardan alan sapaklaryndan soň gizlinlikde Kirmana giden Kuşçu, bilimini ol ýerdäki alymlaryň sapaklarynda dowam etdirdi.

Kirmanda galan döwründe “Şerh-i Tejrid” atly eserini ýazan Ali Kuşçu bu eserini Ebu Said Hana sowgat etdi.

Aýyñ görnüşlerini gürrüñ berýän “ Hallü”l Eşkali’l-Kamer” atly eseri ýazan Kuşçu bu eserini Ulug bege sowgat etdi.

Samarkand obserwatoriýasynyň müdiri Kadyzade-i Rumi ölenden soň Kuşçu obserwatoriýanyň başlygy boldy we "Ulug Beg Zijiniñ" tamamlanmagyna kömek etdi.

Ulug beg tarapyndan Hytaýa ugradylan Ali Kuşçu bu saparynyñ dowamynda bir eser ýazdy.

Ulug begiñ ogly tarapyndan öldürilmegine çuňňur gynanan Kuşçu, zyýarat bahanasy bilen Samarkantdan çykyp, Töwrize gitdi.

Kuşçu, Akgoýunly döwletiñ hökümdary Uzyn Hasan tarapyndan uly hormat goýuldy. Özüne Fatih Soltan Mehmet bilen Uzyn Hasanyň ylalaşmagy üçin ilçilik wezipesi teklip edildi.

Uzyn Hasanyñ teklibini kabul eden Kuşçu, ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Stambula geldi. Fatih Soltan Mehmet, Ali Kuşçunyñ Stambulda galmagyny isledi.  İlçilik wezipesini berjaý etmek üçin Töwrize gaýdyp gelen Kuşçu, Uzyn Hasandan rugsat alanyndan soñ  1472-nji ýylda Stambula gitdi.

Hökümdar Fatih Soltan Mehmet, 1473-nji ýylda Uzyn Hasana garşy guran saparynda ýany bilen Ali Kuşçyny aldy we sapardan dolanyp geleninden soñ Kuşçyny Aýasofýa Medresesine mugallym bolup belledi.

Ali Kuşçu diňe astronomiýa we matematika ugurlarynda däl, eýsem kelam we pelsepe ugurlarynda hem köp eserler ýazdy.

1474-nji ýylyñ 16-njy dekabrynda Stambulda dünýeden öten Ali Kuşçu, Eýüp Soltan kümmetiniñ golaýynda jaýlandy. Kuşçunyñ yetişdiren talyplarynyñ arasynda agtyklary Mirim Çelebi we Molla Lutfi hem orun alýar.

Habarlar