turk-dun-si-bilen-kino-pudagynda-umumy-be-annama-gol-cekildi

Türk dünýäsi bilen kino pudagynda umumy beýannama gol çekildi

Türkiýäniñ Medeniýet we Syýahatçylyk ministirligi bilen Türk dünýäsiniñ medeniýet ministrlikleri we kino pudagyndaky guramalar arasynda umumy beýannama gol çekilşik dabarasy geçirildi.

13 Kasım 2021 13:08

Atatürk Medeniýet Merkezinde geçirilen dabarada çykyş eden Türkiýäniñ medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý gazanylan her üstünligi, Türk dünýäsi bilen paýlaşmagyñ, bilelikde hereket etmegiñ we umumy taslamalar durmuşa geçirmegiñ döwletiñ syýasaty şol bir wagtyñ özünde milli bir hereket bolandygyna ünsi çekip: "elbetde bu bir taraply  isleg däl tutuş türk dünýäsi bu hyzmatdaşlygy we söýgi baglanyşygyny gorap saklamak we ony köp pudaklarda has-da güýçlendirip  geljege ýetirmek isleýär.”-diýdi.

Ministr Ersoý: “ Bu umumy beýannama bilen Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen bilelikde kino pudagynda täze bir döwriñ gapysyny açarys. Bu çäkde Türk dünýäsi kino gaznasyny gurarys. Bilelikde kino pudagynda hyzmatdaşlygyñ öñüni açarys. Bileilkde taslamalaryñ durmuşa geçirilmegi üçin kino arhiwlerinden peýdalanylmagy babatynda kärhana, gurama we edaralar arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdüreris”-diýdi.

Ministr Ersoý: “ Gorkut Ata Türk dünýasi kino festiwaly bu beýannama bilen her ýyl gurnarys. 2022-nji ýylda Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty Bursa. Festiwalyñ ikinjisini Bursa şäherinde geçireris. Azerbaýjanyñ Şuşa şäherinde bolsa festiwalyñ 3-njisini geçirmek isleýäris. Mundan beýläk her ýyl dünýäniñ tapawutly künjeginde bu festiwaly dowam etdireris”-diýdi.

Ministr Ersoý eden çykyşynda Gorkut Ata Türk dünýäsi kino festiwalyñ 2024-nji ýylda Gazagystanda, 2025-nji ýylda bolsa Özbegistanda geçirilip bilinjekdigine ünsi çekdi.

Bu umumy beýannama bilen kino festiwal we medeniýet hepdeligi gurnalar.

Umumy beýannama gol çekilişik dabarasyna Gyrgyzystanyñ medeniýet  ministri Azamat Žumankulow, Azerbaýjanyñ medeniýet ministri Anar Kerimow, Gazagystanyñ medeniýet we sport ministri Aktoty Raimkulowa we Özbegistanyñ Kinematografiýa Guramasynyň baş müdiri Firdaws Ubdulhakilow gatnaşdy.

Habarlar