turk-dun-sinde-hyzmatdaslyk-ideasyny-teori-asyny-doreden-girtlerden-usuf-ak

Türk dünýäsinde hyzmatdaşlyk ideasynyň teoriýasyny döreden ägirtlerden: Ýusuf Akçura

Russiýadaky musulman türkleriň göreşine goldaw beren Tatar Türki Ýusuf Akçura, aradan çykan gününiñ 86-njy ýylynda Türk Dünýäsinde hormat bilen hatyralanýar.

11 Mart 2021 22:22

1900-njy ýyllaryň başy Türk dünýäsinde bileleşik barada pikirlenilmäge we maslahatlaşylmaga başlanan döwridi. Gazan şäherinde we sebitdäki dini töwereklerde başlan oýanyş soň bilim özgertme hereketi hökmünde dowam etdi. 20-nji asyryň başynda bolsa syýasy we milli hereketler görnüşinde intellektual akyma öwrüldi. 1908-nji ýylda Stambulda dörän Jon türk ynkylaby russiýaly türk intelligentlerini Stambula gönükdirdi. Şol döwürde Stambul Russiýadan we Türkistandan gelen intelligentleriň pikir merkezidi. Gazanly, Krymly, Kawkazly we Türkistanly intelligentler Osman döwletiniň syýasy we medeni ulgamynda möhüm pozisiýa eýelediler.

Türk dünýäsinde Bileleşik pikiri diýlende ilki bilen Ýusuf Akçura ýada düşýär. Akçura 1879-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Gazanyň Simbir etrabynda dünýä inýär. Maddy sebäplerden 7 ýaşynda Stambula göçmeli bolýar. Ýusuf Akçura 59 ýyllyk ömründe dünýäniň möhüm wakalaryna şaýatlyk eden türk intelligentidir. Russiýa türkleri bilen gatnaşyklaryň ýygy bolan döwründe ýaşap, şol gatnaşyklara uly goşant goşdy. Akçuranyň pikir taýdan ugrukmagynda körekeni Ysmail Gaspyralynyň özboluşly orny bar. Akçura ony birnäçe gezek beýan edýär. Ýusuf Akçura İsmail Gaspyralyny ussat mugallym, pikirzada ýazyjy, ukyply jurnalist we türklügiň irginsiz hyzmatkäri hökmünde häsýetlendirýär.

Ýusuf Akçura türklügiň demirgazyk bölegine degişli bolmak bilen birlikde günorta türkleriniň medeni giňişliginde ýaşan adam hökmünde, onuň türklük düşünjesi bütin türklügi özüne alýan giňişlige eýedir.

Akçura 1904-nji ýylda Kryma dolanyp barandan soň meşhur “Üç usully syýasat” atly makalasyny ýazýar we Kairde çykýan “Türk” gazetinde ony çap etdirýär. Rus patyşalygynda türklere edilýän basyşyň artmagy sebäpli yzarlanan Akçura Osman döwletinde 2-nji ynkylabyň yglan edilmeginden soň 1908-nji ýylda Stambula dolanýar. Osman imperiýasynda türk milletçiligine esaslanýan ilkinji jemgyýet bolan “Türk jemgyýetiniň” esaslandyryjylarynyň hataryna goşulýar. Uniwersitetde bolsa Türk syýasy taryhyndan ders bermäge başlaýar. 1911-nji ýylyň 18-nji awgustynda Mehmet Emin Ýurdakul, Ahmet Hikmet Müftüogly, Hüseýinzade Ali we Akil Muhtar bilen bilelikde “Türk Ýurdy” jemgyýetini döredip, “Türk ýurdy” atly jurnal çykarmaga başlaýar. Şol jurnalda umuman türk okyjysyna Türk dünýäsi barada maglumat berilýär. Akçura 1912-nji ýylyň 12-nji martynda Mehmet Emin Ýurdakul, Ahmet Ferit, Ahmet Agaogly we Fuat Sabit bilen bilelikde “Türk Ojagyny” döredýär.

Ýusuf Akçura Osman imperasiýasynyň döredilişini türk dünýäsinde bileleşik syýasatynda görýär. Akçuranyň pikiriçe türkler şol ýyllarda 45-50 million ilatlydy we bäş topardan emele gelýärdi. Osman türkleri, Kazkaz türkleri, Krym türkleri, demirgazyk türkleri we gündogar türkleri.

Türkiýe Respublikasy yglan edilenden soñ Mustafa Kemal Atatürkiň ýanynda orun alan Akçura Stambul deputaty hökmünde Mejlise girdi. Türk Taryh Guramasynyñ esaslandyryjysy we ýolbaşçysy bolan Ýusuf Akçura 1935-nji ýylyň 11-nji martynda Stambulda dünýeden ötdi.

Habarlar