turk-dun-sinde-t-ze-strategi-a-elipbi

Türk dünýäsinde täze strategiýa: Elipbiý

Türki dilli döwletler “kiril elipbiýinden latyn elipbiýine geçiş" etabyny tamamlaýarlar. Elipbiýini üýtgetmedik ýeke-täk ýurt Gyrgyzystan galdy. "elipbiý" üýtgemeginiň strategiki ähmiýeti näme?

18 Ağustos 2021 14:26

Sowýet Soýuzy döwründe Merkezi Aziýadaky Türki Respublikalary entäk garaşsyz ýurt däldi we bu döwürde türki dilli taýpalaryñ kiril elipbiýine geçiş tapgyry başlandy.

Orslar, her bir türk taýpasy üçin üýtgeşik kiril elipbiýini döretdiler. Bu elipbiý; Türki dünýäsiniň dil, edebiýat, söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlardaky aragatnaşygyny kesdi.

Häzirki wagtda Türki Respublikalary elipbiýini ädimme-ädim üýtgedýär we kiril elipbiýinden latyn elipbiýine geçýär.

Elipbiýde düýpli üýtgeşme girizen iň soňky Türki Respublikasy Özbegistan boldy. Bu karar bilen Gyrgyzystan Türki Respublikasynyň arasynda elipbiýini üýtgetmedik ýeke-täk ýurt bolup galdy.

Türki Respublikalarynda elipbiýiň üýtgemegi

Azerbaýjan 32 harply latyn elipbiýini ulanýar. 1993-nji ýylda Türkmenistan we Özbegistan, 1994-nji ýylda Garagalpakstan latyn elipbiýine geçdi,

Soñky döwürde Özbegistanda elipbiýde käbir üýtgeşiklikler girizildi we soñunda latyn elipbiýini ulanmak karary kabul edildi.

Gazagystanda köpden bäri elipbiýi üýtgetmegiň üstünde işlenýär. 2017-nji ýylda tapgyrlaýyn Latyn elipbiýine geçme karary kabul edildi emma düzülen elipbiý köp tankyt edildi.

Krym türkleri we Gagauz türkleri hem latyn elipbiýini ulanýar, Yrak türkleri çäkli neşirlerinde arap elipbiýiniň ýerine latyn elipbiýini ulanýarlar.

Elipbiýi üýtgetmek meýilnamasy 1991-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär”

Türki dilli Respublikalaryñ “ elipbiý” strategiýasy we Türk dünýäsinde “ umymy elipbiý” ýaly temalarda Gazi Uniwersitetiñ mugallymy Prof. Dr Ahmet Birjan Erjilasun TRT Habar teleýaýlymyna interwýu berdi.

1991-nji ýyldan başlap Türki dünýäsi täze bir döwre girdi. Türkiýe we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna 5 sany garaşsyz Türki Respublikasy goşuldy we garaşsyz Türk dünýäsi dünýäde 7 sany Respublika bilen wekilçilik edilmäge başlandy. Prof. Dr. Ahmet Erjilasun bu döwriñ başlangyjynda elipbiý üýtgetmegiñ günntertibe alynmaga başlanandygyny aýtdy.

Marmara uniwersitetiniň türk öwreniş instituty 1991-nji ýylyň 18-20-nji noýabrynda Stambul şäherinde "döwrebap türk elipbiýi simpoziumy" gurady. Türk dünýäsinden köp sanda bilim adamlarynyñ gatnaşmagynda geçirilen ylmy-maslahatyñ jemleýji jarnamasynda täze dörän türki respublikalara latyn harplaryna esaslanýan 34 harpdan ybarat  bolan umumy çarçuwaly elipbiý maslahat berildi.

Prof. Dr Erjilasun: “ Umumy  elipbiý döretmek meselesi bir nesihat bolmagyna garamazdan örän täsirli boldy. Bir aýdan soñ 1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Azerbaýjan mejlisi latyn elipbiýine geçmek kararyny kabul etdi”-diýdi.

“Latyn elipbiýi, syýasy we medeni garaşsyzlygyň nyşany”

Türk dünýäsinde latyn elipbiýiniñ ulanylmagy Türkler üçin iññän möhim bir gadam boldy. Prof. Dr. Ahmet Bijan Erjilasun “ Sowýet soýuzyñ dargamagyndan soñ garaşsyzlygyny yglan eden Türki Respublikalar üçin kril elipbiýden latyn elipbiýe geçmek syýasy we medeni garaşsyzlygyñ bir nyşanasy boldy”-diýdi.

Prof. Dr. Erjilasuna görä elipbiý üýtgetmegiñ birinji ähmiýeti Stalin döwründe Türklere basyş bilen kabul etdirilen Kril elipbiýi “ Russiýa garaşlylygy” añladýarka latyn elipbiýi “ garaşsyz we medeni dünýä açylmagy” añladýar. Ikınjisi bolsa umumy elipbiý Türk dünýäsindäki ýakynlaşma we hyzmatdaşlyk islegini orta çykarýar.

Türki dilli 7 Respublikada, Krym, Gagauziýa, Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa, Kosowa, Günbatar Frakiýa, Yrak, Siriýa ýaly ýurtlarda ýaşaýan türkler tarapyndan umumy elipbiýiň ulanylmagy; ýurtlaryñ arasyndaky uly medeni gatnaşyklaryñ döremegini üpjün edýär.

Kiril elipbiýi türk dünýäsinde aragatnaşygy kynlaşdyrdy, Latyn elipbiýine geçilmegi aragatnaşyga oñaýly täsir etdi. Balkanlarda ýaşaýan Türkler ozaldan bäri Türkiýäniñ metbugaty we Türk edebiýaty bilen ýakyndan gyzyklanýardy. Azerbaýjan hem bu ýola girdi.

Türk dünýäsinde umumy elipbiý: Bitewi türk elipbiýi

Prof. Dr. Erjilasun: “Türk dünýäsiniñ 98 göterimini emele getirýän Musulman Türkler umumy arap elipbiýini ulanýardy. Gündogar we Günbatar türk tekstleriniň ýagny Çagataý we Osman türk diliniñ arasynda ownuk ortografiki tapawutlar bar. Sowet döwründe 1927-nji ýylda  latyn elipbiýiñ başlan döwründe hem umumy elipbiýiň ulanylandygyny aýdyp bileris, elipbiýiň ady "Bitewi türk elipbiýi". Ýöne bu elipbiý 1937-38-nji ýyllarda Staliniñ görkezmesi bilen durduruldy we Orslaryñ milli elipbiýi bolan Kril elipbiýine geçildi. 1991-nji ýylda üýtgän ýagdaý bu basyş döwrüniñ soñlanmagydy”-diýdi.

34 harply latyn elipbiýiñ umumy bir elipbiý bolandygyny nygtan Erjilasun: “ Öňümizdäki ýyllarda umumy çarçuwaly elipbiýi durmuşa geçireris diýip umyt edýärin. "-diýdi.

Elipbiýini üýtgetmeýän ýeke-täk Türki Respublikasy: Gyrgyzystan

Türki Respublikalar arasynda elipbiýini üýtgetmeýän diñe Gyrgyzystan galdy. Bu mesele boýunça Prof. Dr. Ahmet Bijan Erjilasun: “ Meniñ pikirimçe Gyrgyzystan hem latyn elipbiýine geçmegi göz önünde tutýar. Bu mesele boýunça karar bermek üçin 10 ýyl gerek bolar öýdemok. Elipbiýi üýtgetmek baradaky kararlaryň syýasy häkimiýetler tarapyndan kabul edilýändigini ýatlalyñ. Elbetde, syýasy häkimiýetler hem halkyñ pikirleriniň täsiri astynda. Gyrgyz halkynyñ Türkiýä we latyn elipbiýine meýli bar. Munuň netijelerini ýakyn gelejekde göreris”-diýdi.

" Amatly syýasy we medeni şertler dörän ýagdaýynda umumy elipbiýe tarap ugur alynar"

Prof. Dr. Ahmet Bijan Erjilasun Türki dünýäsi we elipbiýi barasynda “ Günorta Azerbaýjanda başda durmagynda Eýranda jemi 30-35 million, gündogar Türkistanda 15-20 million, Owganystanda 3-4 million türk ýaşaýar we olar arap elipbiýi ulanmaga dowam edýärler. Amatly syýasy we medeni şetler dörän ýagdaýynda ol ýerlerde hem umumy elipbiýe tarap ugur alynar”-diýdi.

Habarlar