turk-dun-sinden-suratkesler-kyrs-herde-dususdy

Türk Dünýäsinden suratkeşler Kyrşäherde duşuşdy

2021 Ahi Ewran ýyly çareleri çäginde şäheriñ taryhy we medeni gymmatlyklarynyñ suradyny çekmek üçin Türk dünýäsinden suratkeşler Kyrşähere geldi.

03 Eylül 2021 15:42

Kyrşähere gelen suratkkeşler welaýatyñ gubernatory Ibrahim Akyn tarapyndan kabul edildiler.  Gubernator Akyn, Türk dünýäsiniñ suratkeşleriniñ taryh, medeniýet, aýdym-saz we Ahilik däbiniñ paýtagty bolan Kyrşäheriñ gymmatlyklarynyñ suradyny çekmelerinden örän hoşal bolandygyny aýtdy.

2021-nji ýylyñ Ahi Ewran Weliniñ doglan gününiñ 850 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO tarapyndan we Prezident Rejep Taýyp ERdogan tarapyndan gol çekilen resminama laýyklykda “Ahi Ewran ýyly” diýip yglan edilendigini ýatladan guberbator  Ibrahim Akyn:” Türk dünýäsinden suratkeşler Kyrşehire türki halklaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gurnalan çäräniñ çäginde geldiler. Suratkeşleriñ welaýatymyzy gezip çekjek suratlary şu ýyl 34-njisi geçiriljek Ahilik Hepdesinde sergilener. Döwletimiz hemişe medeni we sungat işlerine goldaw berdi. Biz hem öz nobatymyzda welaýatymyzda ýöredilýän medeni sungat işlerine uly ähmiýet berýäris. Şular ýaly çäreler doganlyk ýurtlarymyz bilen aramyzdaky doganlyk baglaryny hasam pugtalandyrýar”-diýdi.

Habarlar