turk-dun-sini-be-ik-sahsy-eti-ysma-yl-gaspyraly

Türk Dünýäsiniñ beýik şahsyýeti: Ysmaýyl Gaspyraly

Krym Türki Ysmaýyl Gaspyraly, doglan gününiñ 170-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralanýar.

21 Mart 2021 11:08

" Dilde, pikirde we işde bitewilik”

Ysmaýyl Gaspyraly, 1851-nji ýylyñ 20-nji martynda Krymyñ Bahçesaraý şäheriniñ golaýyndaky Awjyköýde dünýä indi. Ysmaýyl Gaspyralynyñ kakasy, Krymyñ deñiz ýakasyndaky Gaspyra obasynda dünýä inen we Rus Imperiýasy döwründe Imperiýa goşunyndan pensiýa çykan leýtenant Mustafa Aliogly Gasprinskiý we  ejesi bolsa tanymal maşgalanyñ gyzy Fatma Soltandy.

Ysmaýyl Gaspyraly, başlangyç bilimine oba musulman mekdebinde başlaýar soñ bolsa Akmetjid erkek gimnaziýasynda dowam edýär. Bu ýerde okuwy gutarandan soň, ilki Woroneždäki harby mekdebe, soňra bolsa Moskwadaky Harby akademiýa okuwa girdi.

Ysmaýyl Gaspyraly esasanam Moskwadaky okuw ýyllarynda Rus intellektual durmuşy we intellektuallary bilen ýakyndan tanyşma mümkinçiligine eýe boldy. Tanyşan rus intellektuallaryna hormat goýsa-da, mekdepdäki Panslawist atmosfera oňa ýaramaz täsir etdi we onda rus imperiýasynda ýaşaýan türkleri oýarmak pikiri kemala gelip başlady.

Krit gozgalañynda grek esgerlerine garşy göreşýän Osman Imperiýasynyñ goşununa goşulmak üçin ýakyn dosty Mustafa Mirza Dowidowiç bilen bilelikde gizlin Türkiýä gaçmak isledi emma Odesada tutsag edildi we harby durmuşy soñlandy.

Ysmaýyl Gaspyraly 1868-nji ýylda Bahçesaraýa gaýdyp gelip Rus dili mugallymçylyga başlady. Şol döwürde ol rus edebiýaty we pelsefe eserlerini okady.

1872-nji ýylda Krymdan Stambula ol ýerden Wena, Mýunhen we Ştutgartyñ üstünden Pariže gitdi. Parižda galan 2 ýylyñ dowamynda tanyman rus ýazyjy Iwan Turgenýewe kömekçisi bolmak ýaly dürli işlerde işläp güzeranyny gördi.

1874-nji ýylda Osman Imperiýasynyñ esgeri bolmak arzuwy bilen Stambula gitdi ol ýerde 1 ýyl galanyndan soñ ýañadan Kryma gaýdyp geldi.

1878-nji ýylda Bahçesaraý şäher häkiminiñ orunbasary saýlanan Ysmaýyl Gaspyraly 1879-nji ýylda Bahçesaraý şäher häkimi wezipesine saýlandy we bu wezipäni 1884-nji ýyla çenli dowam etdirdi.

“ Terjüman” gazeti

Demirgazyk Türkleri bilen osmanly diliniñ arasyndaky tapawutlyklary azaltmak maksady bilen krymly Ysmaýyl Gaspyraly "Dilde, pikirde, işde bitewilik” şygary astynda bütindünýä türki kowumlaryñ düşünşip biljek edebi dili döretmäge çalşypdyr.
Ysmaýyl Gaspyraly basyp alyşlyk astynda ýaşaýan garyndaşlaryny we dindarlaryny oýarmak we olaryñ seslerini eşitdirmek arzuwy bilen ýaýlym durmuşyna başlaýar. Bu maksat bilen 1881-nji ýylda Akmetjide rus dilinde çap edilýän “Taýrida” gazetinde “ Russkoe Musulmanstrwo” sözbaşyly köp sanda makala ýazdy.

1883-nji ýylda bolsa Bahçesaraýda  Rus dili we tatar dilinde“ Terjüman” (Terjimeçi) atly gazet hepdede bir gün çap edilmäge başlandy. 1903-nji ýyldan başlap hepdede 2 gün, 1912-nji ýyldan başlap bolsa gündelik çap edilen “Terjüman” gazeti, Krymda Krym Tatarlarynyñ ilkinji türk dilinde çap edilen gazetdi. Tutuş Rusiýadaky musulmanlaryñ arasynda  bolsa Türk dilinde çap edilen 3-nji gazetdi.

Osmanly türkmençesine esaslanyp çykarylan "Terjüman" gazeti Krymdan başlap Kawkaza, Kazana, Sibire, Orta Aziýa ýurtlaryna, Gündogar Türküstana, Osmanlynyñ garamagyndaky ýurtlara, Müsüre we Eýrana ýaýradylypdyr. Şol bir dile esaslanyp döredilen jeditçilik ylmy metody bolsa az wagtyñ içinde Kryma, Kazana, Kawkaza, Idil boýlaryna we Orta Aziýa ýaýrapdyr.

Gaspyraly, “ Terjüman” gazetini rus musulmanlarynyň arasynda bilim reformasynyň iň esasy guraly hökmünde kabul edýärdi.

Ysmaýyl Gaspyraly, 1884-nji ýýlda Bahçesaraýyñ Kaýtaz aga mähellesinde başlangyç mekdepde 40 günde Tür dilinde okamak we ýazmak öwrediljekdigini yglan etdi. hakykatdanam bu täze metod ulanyp 40 günde türk dilini öwretmägi başardy.

Usul-ü Cedit diýip atlandyran bu metod gysga wagtda giňden ýaýrady. Bu metotdan esaslanyp, 1917-nji ýyla çenli döwürde Russiýada  ýetişdirilen milli reformaçylara Jaditçiler ady dakyldy.

Ysmaýyl Gaspyrala görä bilim ene dilde berilmeli. “ Terjüman” gazeti saýasynda Jeditçi reformaçy bilim ulgamy tutuş Russiýadaky musulmanlar tarapyndan ykrar edilip başlandy.

Ilkinji gyzlar mektebini açdy

Ysmaýyl Gaspyraly musulman gyz çagalarynyñ bilim almagyna uly üns berýärdi. Ilkinji gyzlar mektebini Bahçesaraýda 1893-nji ýylda uýasy Pembe Hanym Bolatukowa açdyrdy. Bu mekdebiñ açylmagy başga sebitlerde hem gyzlar üçin Jedit mektepleriñ açylmagyna itergi berdi. Bu mekdepleriñ sany 1914-nji ýylda 5 müñe golaýlady.

RUS MUSULMANLARY GURULTAÝLARY

Ysmaýyl Gaspyraly, Rus Imperiýasynda bir tarapdan Türkleriñ hak-hukuklarynyñ goralmagy üçin irginsiz tagalla edýärdi beýleki tarapdan bolsa 1905-nji ýylyñ 28-nji awgustynda 1-nji Rus Musulmanlary Gurultaýyny geçirdi we gurultaýyñ başlygy saýlandy.

2-nji Rus Musulmanlary Gurultaýy 1906-njy ýylyñ ýanwar aýynda Peterburg şäherinde geçirildi. 3-nji Rus Musulmanlary gurultaýy 1906-njy ýylyñ sentýabr aýynda geçirildi. 800-e golaý agzanyñ gatnaşmagynda geçirilen bu gurultaýda Ysmaýyl Gaspyralynyñ  milli reformasy bolan “ Usul-ü Jedit” bilim sistemasy kabul edildi.

1905-nji ýyldan soñ Ysmaýyl Gaspyralynyñ açan ýolunda musulman we türk sebitlerinde ýüzlerçe gazet we žurnallar çap edilmäge Jeditçi pikirler esasyna daýanýan milli guramalar döredilmäge başlandy.

Ilkınjı zenan žurnaly: Alem-i Niswan

1905-nji ýylyñ soñlarynda Bahçesaraýda ýaylym durmuşuna başlan Alem-i Niswan žurnaly diñe Krym Tatarlaryñ däl eýsem Russiýadaky Türkleriñ taryhyndaky ilkinji zenan žurnaly boldy we Gaspyralynyñ eýeçiliginde gyzy Şefika Gaspyralynyñ ýolbaşçylygynda bir ýyla golaý çap edildi.

Russiýadaky türkleriñ ilkinji çagalar žurnaly bolan Alem-i Sybýan hem 1906-njy ýylyñ martynda ilkinji gezek Terjüman žurnaly bilen okaýjylaryñ dykkatyna ýetirildi. Bu žurnal  1915-nji ýyla çenli çap edildi.

“ Dilde, pikirde we işde bitewilik”

Terjüman gazetinde 1911-nji ýylda  çap edilen“ Dilde, pikirde we işde bitewilik” şygary Türk dünýäsine giñden ulanylýar we şondan bäri bir asyr töweregi wagt geçenem bolsa, zamanamyzda hem güýjüni goraýar.

Ysmaýyl Gaspyraly 1911-nji ýylda gurulan “Türk ýurdy” jemgyýetine agza bolýar we bu guramanyñ “ Türk ýurdy” atly žurnalynda makalar ýazmaga başlaýar

Ysmaýyl Gaspyraly 1914-nji ýylyñ 24-nji sentýabrynda 63 ýaşynda Bahçesaraýda dünýeden ötdi.

1944-nji ýylda Staliniñ buýrugy bilen ýurtlaryndan sürgin edilen Krym Türkleri 1990-njy ýyllarda watanlaryna gaýdyp gelip Ysmaýyl Gaspyralynyñ mazaryny ýañadan dikeltdiler, onuñ çuññur pikirlerini ýaşatmak üçin köp sanda kitaphanalar we medeniýet merkezleri açdylar.

Habarlar