turk-dun-sini-du-ni-suguni-we-geljegi-atly-simpozium

“Türk Dünýäsiniñ Düýni, Şugüni we Geljegi” atly Simpozium

Türkiýe Respublikasy Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Gyrgyzystan- Türkiýe Manas Uniwersiteti we Türki dilli ýurtlaryñ Parlamentar Assambleýasy ( TÜRKPA) tarapyndan Bişkek şäherinde geçirilen “ Türk Dünýäsiniñ Düýni, Şugüni we Geljegi” atly simpoziuma wideo ýüzlenmesi ugratdy.

17 Mart 2021 18:29

Türkiýe Respublikasy Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Gyrgyzystan- Türkiýe Manas Uniwersiteti we Türki dilli ýurtlaryñ Parlamentar Assambleýasy ( TÜRKPA) tarapyndan Bişkek şäherinde geçirilen “ Türk Dünýäsiniñ Düýni, Şugüni we Geljegi” atly simpoziuma ugradan wideo ýüzlenmesinde gurnalýan bu çäräniñ Türki dilli ýurtlaryñ arasyndaky güýçli bagy hasam pugtalandyrmagyny tama edýändigini nygtap taryh sahnasyna çykan gününden bäri köp sanda döwletler guran, garaşyzlygyñ tymsaly bolan, bir döwri açyp bir döwri ýapan eziz Türk milletiniñ perzenti bolmakdan buýsanç duýýandygyny aýtdy.

Fahrettin Altun “Pursatdan peýdalanyp milli şahyrymyz Mehmet Akif Ersoý bilen garaşsyzlygymyzy gazanmak we goramak üçin şehit bolan ýa-da weteran bolan ata-babalarymyzy minnetdarlyk  hormat bilen hatyralaýarys” -diýdi.

Fahrettin Altun Türki dilli ýurtlary garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygy bilen gutlap Türkiýe Respublikasynyñ 100-nji ýaşyna emin gadamlar bilen barýandygyny aýtdy.

Türkiýeden kömek talap eden hiçbir döwlete ýüz öwürmediklerini nygtan Altun  Bosniýadan Somalä çenli köp sebitde parahatçylyk, durnuklulugyñ üpjün edilmegi üçin hyzmat eden bolsak Liwiýanyñ hökümetine hem şol hakykatlar bilen goldaw berdik. 2019-njy ýylda gol çekişilen ylalaşyklar bilen diñe Türkiýe we Liwiýanyñ däl eýsem sebitdäki köp ýurduñ hak-hukuklary gorag astyna alyndy. Türkiýe şeýlelik bilen ýene bir gezek adalatyñ tarapynda bolandygyny bütindünýä subut etdi” -diýdi.

Fahrettin Altun Türkiýäniñ Kawkasýa we Merkezi Aziýadaky doganlarynyñ hemişe ýanynda bolandygyny nygtap “ Azerbaýjanyñ topraklaryny Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat etmek üçin başladylan harby operasiýada 44 günläp hem front hem-de media pudagyndaky söweşde Azerbaýjanly doganlarymyz bilen bilelikde hereket etdik. Bu biziñ üçin uly  buýsançdy. Hyzmatdaşlygymyzy, köñül bitewiligimizi Türkiýe-Azerbaýjan Bilelikdäki Media Platformunda hem dowam etdirýäris”- diýdi.

Türk dünýäsiniñ bir bütin bolup häzirki zaman siwilizasiýanyñ derejesini geçmesi üçin bilim we sungat pudagynda has ýakyn hyzmatdaşlyk etmelidigini bellän Altun bu çäkde Gyrgyzystan- Türkiýe Manas Uniwersitetiniñ başda durmagynda ähli gurama-edaralarymyz wezipe almalydyr. Bu garaşsyz we güýçli Türk Dünýäsi üçin zerurdyr. Bu geljek nesillere bolan borjumyzdyr”-diýdi.

Habarlar