turk-dun-sini-kalby-2022-nji-ylda-bursada-atar

Türk dünýäsiniñ kalby 2022-nji ýylda Bursada atar

Türki dilli döwletleriñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan “2022 Türk Dünýäsiniñ Medeni Paýtagty” diýip yglan edilen Türkiýäniñ Bursa şäherinde 2022-nji ýylyñ dowamynda gurnaljak dabara we çärelere bagyşlanyp brifing guraldy.

18 Kasım 2021 20:31

TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Düsen Kaseinow, Osman döwletiniñ paýtagty bolan gadymy Bursa şäheriniñ Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty bolup çärelere üstünlikli ýer eýeçiligi etjekdigine we bu ady geljekki medeni paýtagta tabşyrjagyna ynanýandygyny aýtdy.

Brýusselde Hywa medeniýet günleri çäresi gurnalanndygyny belläp geçen Kaseinow: “ Ýewropa Bileleşigi taryhynda ilkinji gezek bir Türk şäherlerimiziñ parlamentda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 2020 Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty bolan Hywa şäheriniñ deñi-taýy bolmaýan köp sanly gymmatlyklaryny ýewropa ýurtlaryna tanatdyk. 2012-nji ýyldan bäri Türk dünýäsi medeni paýtagty taslamasy bilen gazanan tejribelerimizi ýewropa döwletleri bilen paýlaşyp ýewropanyñ medeni paýtagty şäherleri bilen Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty bolan şäherleri bir ýerde jemlemäge başladyk. Bu çäkde 2022-nji ýylyñ dowamynda medeni paýtagtymyz Bursa şäherimizi Litwanyñ Kaunas we Serbiýanyñ Nowy sad ýaly ýewropanyñ medeni paýtagtlarynda tanatmak we bu baglary güýçlendirmek üçin işlerimize dowam ederis”-diýdi.

Burşa şäher häkimi Alinur Aktaş Bursa şäheriñ çuññur taryhy, baý medeniýeti, owadan tebigaty, bereketli topraklary, köp taraply syýahatçylygy, ösen ykdysadyýeti, ösen önümçilik pudagy bilen” 2022 Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty” bolup saýlanandygyny aýtdy.

Burşa şäher häkimi Alinur Aktaş, 2022-nji ýylyñ dowamynda IV Bütindünýä Çarwa oýunlary, II Gorkut Ata Film festiwaly, V Türk dünýäsi Milli sportlar festiwaly, Bursa şäher häkimligi 3-nji kitap ýarmarkasy, 12-nji Fotofest, 60-njy Halkara Bursa festiwaly bilen TÜRKSOÝ tarapyndan bilimden edebiýata, sungatdan gastranomiýa, ylmy-maslahatlardan konsertlere, sergilere çenli medeniýet we sungatyñ her pudagynda köp sanly çäreleriñ gurnaljakdygyny habar berdi.

Alinur Aktaş, “Gadymy taryhy bilen tapawutly siwilizasiýalaryñ merkezi bolan, Türk şäheri, Osman döwletiniñ paýtagty, Türkiýe Respublikasynyñ 4-nji uly şäheri, taryhyñ, sungatyñ, tebigatyñ, oba-hojalygyñ, syýahatçylygyñ, senagatyñ ösen Bursa şäherimiz “2022 Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty” bolmagyñ buýsanjyny we begenjini ýaşaýar”-diýdi.

Brifingiň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri derwaýys maglumatlaryny almak bilen birlikde, olara özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenmäge hem mümkinçilik aldylar.

Habarlar