turk-dun-sini-metbugat-wekilleri-gazagystanda-dususdy

Türk dünýäsiniň metbugat wekilleri Gazagystanda duşuşdy

Gazagystanyň paýtagty Nursoltanda "Türki dilli ýurtlaryň metbugatlary arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek" atly togolok stol geçirildi.

15 Eylül 2021 17:58

Ýewraziýa mediýa forumyň çäginde Halkara Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan maslahata Türkiýeden NTV telewideniýe kanalyñ daşary ýurt  habarlar bölüminiñ müdüri Ahmet Ýeşiltepe, Gazagystan döwlet we telewideniýe guramasynyñ başlygy Lazzat Tanysbaý, Azerbaýjan Döwlet telewideniýe kanalyndan Tofik Abbasow, Wengriýadan Duna telewideniýe kanalynyñ müdüri Istwan Palffy Orban, Täjigistandan Awesta habar gullugynyñ baş redaktory Janaton Kurbanowa, Türkmenistan döwlet habarlar gullugynyñ baş müdüriniñ orunbasary Sähetmyrat Kakyşow we Halkara Türk Akademiýasynyñ başlygynyñ orunbasary Fuzuli Mažidi gatnaşdy.

Türk dünýäsiniň metbugat pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we hyzmatdaşlygyñ öñündäki päsgelçilikleriñ ara alnyp maslahatlaşylan maslahatda bu ugurda umumy aragatnaşyk platformasyny döretmek, taslamalar öndürmek, maglumat akymyny üpjün etmek we tejribe alyş-çalşygy  ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň döwlet radio we telewideniýe guramasynyñ başlygy Lazzat Tanysbaý maslahatda eden çykyşynda ýurdunyň iň uly metbugat guramasy hökmünde doganlyk halklaryň teleýaýlymlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Tanyşbaý, bu ugurda Azerbaýjan, Özbegistan we Azerbaýjanyñ metbugat guramalary bilen tejribe alyş çalşygy ýöredýändiklerini nygtap “ Türk Dünýäsiniñ umumy gymmaty bolan Gorkut Ata hakkyndaky serialyñ sýomkalarynyñ taýarlyklaryna başladyk. Bu serialy öz aramyzdaky hyzmatdaşlygymyz bilen Türk dünýäsi üçin umumy taslama edip bileris”-diýdi.

Şu ýyl Türki dilli ýurtlaryñ şanly garaşsyzlygynyñ 30 ýyllygyny belleýändigini nygtan Tanyşbaý, “Türki halklaryñ täze ýyly, hemmämiziñ umumy baýramy bolan Nowruz baýramda teleýaýlymlarymyzyñ arasynda göni ýaýlym köprüsini gurmagy teklip edýärin”-diýdi.

NTV telewideniýe kanalynyñ daşary ýurt  habarlar bölüminiñ müdüri Ahmet Ýeşiltepe eden çykyşynda Türk dünýäsiniň metbugat guramalarynyň arasynda bilelikdäki taslamalary öndürmegiň ähmiýetine ünsi çekip “ýaşlara has köp mümkinçilik berilmeli, täze taslamalar esasanam ýaşlar bilen edilmeli”-diýdi.

Türk dünýäsiniň içindäki uly jebislige ünsi çeken Ahmet Yeşiltepe: "Garabag söweşinde bu agzybirligiň güýjüne şaýat bolduk. Azerbaýjan we Türkiýäniñ metbugat guramalary arasyndaky hyzmatdaşlygyñ doganlyk ýurtlar bilen hem dowam etmegini tama edýärin”- diýdi.

Habarlar