turk-dun-sini-ruhy-pa-tagty-bolan-turkistan-turkpa-ny-10-njy-bas-assamble-as

Türk dünýäsiniň ruhy paýtagty bolan Türkistan, TURKPA-nyň 10-njy Baş Assambleýasyna ýer eýeçiligi eder

Türki dilli ýurtlaryň parlamentar assambleýasynyñ (TURKPA) 10-njy maslahaty 27-28-nji sentýabrda türk dünýäsiniň ruhy paýtagty bolan Gazagystanyñ Türkistan şäherinde geçirler.

16 Eylül 2021 13:15

Türki dilli ýurtlaryň parlamentar assambleýasynyñ (TURKPA) 10-njy maslahaty 27-28-nji sentýabrda türk dünýäsiniň ruhy paýtagty bolan Gazagystanyñ Türkistan şäherinde geçirler.

Gazagystan mejlisiñ başlygy Nurlan Nigmatulin, TURKPA-nyñ baş sekretary Altynbek Mamaýusupowy kabul etdi.  Duşuşykda 27-28-nji sentýabrda Gazagystanyñ Türkistan şäherinde geçiriljek TURKPA-nyň 10-njy Baş Assambleýasyna görülýän taýarlyk ara alyndy.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýäniñ mejlis başlyklarynyñ gatnaşjak we Özbegistanyñ hem çagyrylan maslahatda TURKPA-nyñ 10 ýyllyk işine baha berler we hyzmatdaşlygy ösdürmek  üçin täze maksatlar kesgitlener.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe Gazagystanyň 1-nji prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen döredilen TURKPA-nyň doly agzasy, Wengriýa bolsa synçy statusyna eýe.

Habarlar