turk-dun-sini-ruhy-pa-tagty-turkistan-butindun-miras-s-herleri-sanawyna-gi

Türk dünýäsiniň ruhy paýtagty Türkistan "Bütindünýä miras şäherleri" sanawyna girizildi

Gazagystanyň Türkistan şäheri, resmi taýdan Bütindünýä miras şäherleri guramasynyň (OWHC) agzasy boldy.

25 Şubat 2021 16:17

Türkistan welaýat häkimligi tarapyndan berilen beýannamada; Türkistan şäheriniñ 2021-nji ýylyñ 2-nji aprelinde 10-njy Halkara Ýewraziýa Bütindünýä Miras Şäherleri konferensiýasyna ýer eýeçiligi etjekdigi mälim edildi.

Beýannamada Gazagystanyñ günorta sebitinde orun alýan we Türk dünýäsiniñ ruhy paýtagty diýip kabul edilýän Türkistan şäheriniñ Bütindünýä Miras Şäherleri Guramasyna resmi taydan agzasy bolandygy habar berildi.

Beýannamada, Türkistan şäheriniñ bu guramanyñ agzasy bolmak bilen statusynyñ hasam ýokarlanjakdygy bellenip asman reňkli gümmezi bilen bütin dünýä gujak açýan Türkistandaky Hoja Ahmet Ýasawynyñ Türbedi has köp syýahatçynyň üns merkezine öwrüler" diýildi.

Bütindünýä Miras Şäherleri Guramasy, ÝUNESKO tarapyndan gorag astyna alynan miraslaryñ dolandyrmagyň usullaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin 1993-nji ýylda Marokkanyň Fes şäherinde döredildi.

Habarlar