10 Haziran 2021 14:52
Çingiz Aýtmatow, 1928-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda Demirgazyk-Günbatar Gyrgyzystanyñ Talas raýonynyñ Şeker obasynda Gyrgyzystan SSR-niñ tanalýan döwlet işgäri Törekul Aýtmatowyñ maşgalasynda dünýä inýär. Törekul aga 1937-nji ýylda tussag edilýär we 1938-nji ýylda "halk duşmany" yglan edilip atylyp öldürilýär. Çingiziñ ejesi tatar Nagima Hamzyýewna Abdylwalyýewa teatr aktrisasydy.
Çingiz Aýtmatowyñ ýaşlygy örän kyn döwre gabat geldi. Bir tarapdan ýurda täze ornaşyp barýan sowet sistemasyna, bir tarapdanam uruşa garşy dik durmaga çalyşýardy. 14 ýaşynda obasyndaky oba sowetine işe girdi. Obasyndan Gazagystana gidip Jambyl Weterinariýa Tehnikumyna girýär. Soñra Bişkegiñ Frunze adyndaky oba-hojalyk instititynda okuwyna dowam edýär. Ondan soñra Moskwanyñ Maksim Gorkiý adyndaky institutyna okuwa gidýär. Şol ýyllarda ol "Правда" gazetinde ýazyp başlaýar. Eserleri bada-bat meşhurlyk gazanýar we 1957-nji ýylda SSSR-iñ Ýazyjylar Birleşigine kabul edilýär. 1963-nji ýylda Lenin baýragyna mynasyp bolýar.
1990-94-nji ýyllarda SSSR-iñ we Russiýa Federasiýasynyñ, soñra 2008-nji ýyla çenli bolsa Gyrgyzystanyñ baş ilçisi bolup işleýär. Ç.Aýtmatow "Asyra barabar gün" romanynyñ kino düşürilişine tomaşa etmek üçin gideninde Tatarystanyñ paýtagty Kazanda 2008-nji ýylyñ 16-njy maýynda näsaglaýar we böwrek ýetmezçiligi ýüze çykyp, bejergi üçin Germaniýa getirilýär. Nýurnbergdäki "Klinikum Nord" hassahanasynda bejergi almaga başlan ýazyjy birden reanimasiýa geçirilýär we ol 10.06.2008-nji ýylyñ 10-njy iýunynda aradan çykýar.
Çingiz Aýtmatow 14-nji iýunda kakasynyň guburynyň ýerleşýän ýeri bolan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekden 25 km uzaklykda, Taş Döbö obasynyň golaýynda ýerleşýän Ata-Beýit milli taryhy we ýadygärlik toplumynda jaýlandy.
Ýazyjynyň aýaly Mariýa Aýmatmatowa 2021-nji ýylyň 4-nji aprelinde Bişkekde koronawirus epidemiýasy sebäpli bejergi alýan hassahanada 79 ýaşynda dünýeden ötdi.
Döredijiligi;
Ikinji Jahan urşyndan soñky ýazyjylar arasynda ýer alan Ç.Aýtmatow "Jemile" powestinden öñ birnäçe hekaýalary we "Ýüzbe-ýüz" powestini ýazypdy. Emma ýazyja şöhrat getiren "Jemile" powesti boldy. Fransuz şahyry Luis Aragon "Jemile" powestine "dünýänin in ajaýyp söýgi kyssasy" diýip baha beripdi. Eserlerinde mifologiýa has ýakyn durdy, onuñ maksady mifologiýany antik galyplardan çykaryp, döwrebap zeminde sintezläp gaýtadan ýugurmakdy. Eserlerinde miflere, legendalara, halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. 1966-njy ýyldan soñ eserlerini diñe rus dilinde ýazyp başlaýar. Kitaplary 176 dilde terjime edilipdir. Ç.Aýtmatow "Urkaçy möjegiñ düýşleri", "Hoşgal Gülsary" romanlarynda diñe adamlaryñ däl-de, haýwanlaryñ hem psihologiýasyny ussatlyk bilen beýan edipdir. Romanlarynda möjek we at ýaly haýwanlara giñ orun beripdir, olara adama mahsus aýratynlyklary beripdir. Bu usuly hem şowly bolupdyr we ol bu özboluşlylygy bilen dünýädäki az sanly ýazyjylaryñ biridir. Ç.Aýtmatow edebi işleriniñ gapdalyndan Ýewropa Bileleşigi, NATO, YUNESKO ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýän gyrgyz delegasiýasyna hem ýolbaşçylyk edýär. 2007-nji ýylda "Altyn Ýürek" baýragyna mynasyp bolýar.
Ýazyjynyñ "Jemile", "Ene toprak", "Deñiz kenarynda ylgaşlaýan ala köpek","Hoşgal Gülsary, "Elwan ýaglykly serwim", "Ak gämi" ýaly powestleri türkmen diline hem terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilen. Şeýle-de onuñ "Kyýamat" romanyny Şadurdy Çaryýew terjime edipdi. Roman "Garagum" žurnalynda dolulygyna çap edilipdi.
Ömrüniň dowamynda köp sanda eser döreden Gyrgyz halkynyñ buýsanç çeşmesi Çingiz Aýtmatow, Gyrgyz halkynyň Türk dünýäsine we dünýä edebiýatyna beren iň uly sowgadydyr.
2018-nji ýylyñ 12-nji noýabrynda paýtagt Bişkekde gurnalan “ Aýtmatow we teatr” atly teatr festiwalda Azerbaýjanly aktýorlarynyñ oynan, Gyrgyz režisorlaryñ ýazan “ Mankurt” atly oýun sahnalandy.
Çıngız Aýtmatowyñ tagallasy bılen Halkara Yssyk Köl Forumy döredildi
Halkara Issyk Köl forumy, Aýtmatowyň başlangyjy bilen Sowet Soýuzy döwründe intellektuallary bir ýerde jemlemek üçin döredildi.
Forumyñ ilkinji maslahaty 1986-njy ýylyñ oktýabr aýynda Çingiz Aýtmatowyñ saýlan dostlaryny paýtagt Moskwa çakylygy bilen gurnaldy. Moskwada geçirilen maslahatdan soñ ozalky ady Frunze bolan Bişkekde maslahatlar gurnalmaga dowam etdi soñ bolsa Gyrgyzystanyñ dynç alyş merkezi bolan Yssyk kölüniñ kenarynda gurnalmaga başlandy. Gurnalan maslahata gatnaşanlaryñ sanawynda Amerikan ýazyjylar Arthur Miller, James Baldwin, Alvin Toffler, Iñlis ýazyjy we aktýor Peter Ustinov, Fransuz ýazyjy Claude Simon, Efiopiýaly suratkeş Afewerk Tekle, ÝUNESKO-nyñ wekili Federico Mayor, Italýan bilim adamy Augusto Forti, Türkiýeden Ýaşar Kemal ile Zülfü Liwaneli gatnaşdy.
2-njı Yssyk Köl Forumy 1997-nji ýylyñ iýul aýynda paýtagt Bişkekde gurnaldy. Bu foruma dünýäniñ köp ýurdunyñ prezident we hökümet ýolbaşçylary gatnaşdy. Şol ýyl Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Süleýman Demirel hem gatnaşdy. Forumda Zülfi Liwaneli çykyş edip forumyñ çäginde geçirilen maslahata ýolbaşçylyk etdi.
Gyrgyz ýazyjy Çingiz Aýtmatowyñ doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli türki dilli ýurtlaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan 2018-nji ýyl “Çingiz Aýtmatowy Hatyra ýyly" diýlip yglan edildi we bu çäkde 3-nji Yssyk Köl Forumy gurnaldy.
Paýtagt Bişkekde geçirilen maslahatda Yssyk Köl forumyñ adynyñ “Çingiz Aýtmatow Halkara Yssyk Köl Forumy” diýip üýtedilmegi karary kabul edildi.
4-nji Çingiz Aýtmatow Halkara Yssyk Köl Forumyñ açylyş dabarasy 2020-nji ýylyñ 13-nji dekabrynda paýtagt Bişkekde, ýapylyş dabarasy bolsa paýtagt Ankarada Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Japarowyñ gatnaşmagynda 2021-nji ýylyñ 9-njy iýunynda geçirildi.
Çingiz Aýtmatow wepatynyñ 13-nji ýylynda paýtagt Bişkekdäki mazarynyñ başynda hormat bilen hatyralandy. Hatyralama çärede ýazyjynyñ maşgalasy, Milli Ylymlar Akademiýasynyñ agzalary, kärdeşleri we ýazyjynyñ janköýerleri Çingiz Aýtmatowyñ guburynyñ bolan Ata-Beýit Milli Taryh we Ýadygärlik Toplumuna gül-desselerini goýup doga etdiler.