turk-ge-ese-agza-urtlary-metbugat-isg-rleri-azerba-janda-dususdy

Türk Geñeşe agza ýurtlaryñ metbugat işgärleri Azerbaýjanda duşuşdy

Türk Geñeşi tarapyndan gurnalan mediýa gezelenji programmasy çäginde Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Wengriýadan gelen 30 sany žurnalist Azerbaýjanyñ Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat eden Garabag sebitindäki sebitlerine baryp gördüler.

03 Eylül 2021 15:16

Azerbaýjanyñ hökümetiniñ çakylygyna laýyklykda Türk Geñeşi tarapyndan gurnalan mediýa gezelenji programmasy çäginde Türk Geñeşe agza ýurtlaryñ žurnalistleri Azerbaýjana geldi.

30-njy awgustda paýtagt Bakuwda başlaýan programmanyñ çäginde Bakuwdaky medeni we taryhy mekanlary, muzeýleri aýlanyp gören žurnalistler, Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidentiniñ orunbasary we Prezident administrasiýasynyň Daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Hikmet Hajyýew bilen duşuşdy.

Programmanyñ çäginde 30 ýyl Ermenistanyñ basyp alyşlygy astynda galan Fuzuli we Jebrail welaýatlaryna baryp gören žurnalistler Jebrailde Ermenistanyñ basyp alyşlygy döwründe ýykylan Azerbaýjanyñ gonamçylygyny hem zyýarat etdiler.

Žurnalistler soñ bolsa Garabagyñ nyşanasy bolan Şuşa şäherine baryp ol ýerde dowam edýän gurluşyk, ýol gurluşygy we abatlaýyş işleri barasynda resmilerden maglumat aldylar.

Ermenistanyñ ýaragly güýçleri tarapyndan 2020-nji ýylyñ 17-nji oktýabrynda Azerbaýjanyñ 2-nji uly şäheri bolan Genjä guran raketaly hüjmünde 13 adamyñ ýogalan we 50-den gowrak adamyñ bolsa ýaralanan sebite baryp gören žurnalistler aralarynda 2 bäbegiñ 4 çaganyñ bolan bigünä adamlaryñ ýogalan ýeriñ foto-suradyny çekdiler. Žurnalistler bu ýeri aýlanyp  görenlerinden soñ Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat edilen Agdam şäherine gitdiler. Ermenistanyñ basyp alyşlygy döwründe haraba öwrülen şäher hakynda maglumat alan, şäheriñ taryhy we medeni ýerlerini aýlanyp gören žurnalistler bu şäherde geljekde ediljek abatlaýyş we gurluşyk işleri barasynda maglumat aldylar.

Türk Geñeşi tarapyndan gurnalan mediýa gezelenji, Şirwanşahlar Köşküne ediljek gezelençden soñ Bakuwda beýik Azerbaýjanly şahyr Nizami Genjewiniñ 880 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek konsert bilen soñlanar.

Mediýa gezelenç programmanyñ maksady we ähmiýeti barasynda metbugata beýanat beren Türk Geňeşiniň Baş sekretarynyň orunbasary Gismat Gozalow, bu gezelenç programmañ aprel aýynda Bakuwda geçirilen ministrler we edaralaryň ýolbaşçylary ýygnagynda kabul edilen iş meýilnamasyna laýyklykda gurnalandygyny aýtdy.

Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat edilen sebitlerde 7-8 aý ýaly gysga wagtyñ dowamynda gurluşyk we dikeldiş işleriñ başlandygyna ünsi çeken Gozalow  Mediýa syýahaty programamsynyñ maksadynyñ  agza ýurtlaryñ metbugat işgärleri arasyndaky aragatnaşygy pugtalandyrmak, dostluk gurmak we bilelikde çärelere gatnaşmak bolandygyny aýtdy.

Mediýa gezelenjine gatnaşan žurnalist Serikbol Koşmaganbetow, Ermenistanyñ basyp alyşlygy döwründe şäherlere berilen zeperiñ uly bolandygyna ünsi çekip “ bu ýerleri öz gözleriñ bilen görmek habarlary tomaşa etmek ýada  okamakdan tapawutly. Bu ýerde halk bilen söhbet etmek, baş beren wakalary olardan diñlemek başga bir duýgy. Şular ýaly çäreleriñ dowam etmegini tama edýärin”-diýdi.

Habarlar