turk-ge-esi-viii-sammiti-jemle-ji-resminamasy-cap-edildi

Türk geňeşiň VIII Sammitiň jemleýji resminamasy çap edildi

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sekizinji sammitiniñ jemleýji resminamasy bilen Türk Geñeşiñ ady “Türki dilli döwletleriñ bileleşigi” boldy.

12 Kasım 2021 23:47

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyñ ýer eýeçiliginde “ Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler» şygary astynda Demokratiýa we azatlyklar adada geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sekizinji sammitinden soñ  jemleýji resminama çap edildi.

Jemleýji resminamada;

-Türk Geñeşiñ adynyñ “Türki dilli döwletleriñ bileleşigi” hökmünde üýtgedilendigi bellendi.

- Gazagystan Respublikasynyñ 1-nji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan badalga berilen “2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň Konsepsiýasy» tassyklanyldy, bu maksatnamanyñ durmuşa geçirilmegi üçin “Türki dilli döwletleriñ 2022-2026-njy ýyllary strategiki ýol kartasy” taýarlanar.

- Türkmenistanyň bileleşige synçy-döwlet hökmünde kabul edilmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Türkmenistanyñ bileleşige gatnaşmagy bilen türki dilli döwletler we halklarynyň arasyndaky raýdaşlyk we hyzmatdaşlygyñ ösjekdigi bellendi.

- “Türki dilli döwletleriñ bileleşiginiñ sekretariatynyň merkezi binasy Stambul şäherinde açyldy.

- Azerbaýjan, 44 günläp dowam eden watançylyk urşunda gazanan ýenişi bilen gutlandy. Azerbaýjan we Ermenistan arasyndaky gatnaşyklaryñ kadalaşmagyna goldaw berildi.

- Kipr meselesiniň adalatly, hemişelik we özara kabul ederlikli çözgüt bilen çözülmeginiñ uly ähmiýete eýe bolandygy  we Kipr Türk halky bilen raýdaşlykda bolunandygy bellendi.

- Gyrgyzystanyň Gyrgyzystan-Täjigistan serhedindäki dartgynlygyñ parahatçylykly çözgüdini tapmak ugrundaky tagallalaryna goldaw berildi. Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky gepleşikleriň hoşallyk bilen kabul edilendigi we iki tarapdan hem özara ynamy güýçlendirjek we geljekde dartgynlyklardan gaça durmak üçin zerur çäreleri görmegi talap edildi.

- Terrorçylyga, ekstremizme, separatizme, jynsparazlyga, diskriminasiýa, ksenofobiýa, yslamofobiýa we ýigrenji sözleriň ähli görnüşlerine garşy göreşde hyzmatdaşlygy ösdürmek we halkara guramalar bilen utgaşykda işleşmek karary kabul edildi.

- Özara söwda we maýa goýumlaryny ýeňilleşdirmek üçin zerur çäreleriň görülmegi we agza döwletleriň arasynda amatly şertleri döretmek üçin degişli edaralara kabul edilen kararlary berjaý etmeleri tabşyryldy.

- Agza we synçy ýurtlaryň arasynda söwdany, eksport mümkinçiligini we maýa goýumlaryny artdyrmak maksady bilen Türk söwda öýlerini döretmek boýunça işlere başlandy.

- “Türki dilli döwletleriñ bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda halkara kombinirlenen ýük transport şertnamasynyñ” gutarnykly ýagdaýa getirilmegi üçin degişli guramalara tabşyryk berildi.

- Türkiýäniň teklibi boýunça tebigy apatlaryñ täsirini azaltmak we dikelmegine goşant goşmak.maksady bilen bilelikde gözleg, halas ediş we dikeldiş işlerini geçirmek üçin Türki dilli döwletleriñ bileleşigi çäginde "Türki dilli döwletleri bileleşigi raýat goragy mehanizmi" ady bilen tebigy apatlara garşy göreş bölümi dörediler.

- 2021-nji ýylyñ 10-njy aprelinde Bakuw şäherinde geçirilen Türk Geñeşine agza ýurtlaryñ maglumat we metbugatdan jogapkär ministrleriñ maslahatynda kabul edilen metbugat we maglumat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek karary tassyklandy.

- Mediýa platformalary bilen milli teleýaýlymlar bilen habar gulluklarynyñ arasyndaky hyzmatdaşlygyñ ýokarlandyrylmagyna goldaw berildi.

- Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan we Wengriýa tarapyndan Türki dilli döwletleriñ bileleşiginiñ hemaýasynda Afrika ýurtlaryna sanjym ugradylar.

121 maddasy bolan jemleýji resminama gazak, gyrgyz, türk, özbek we azerbaýjan dillerinde çap edildi.

Habarlar