turk-ge-esine-agza-urtlary-energetika-ministirleri-energi-a-pudagynda-hyzmatda

Türk Geňeşine agza ýurtlaryň energetika ministirleri energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrmak kararyny kabul etdiler

Türk Geňeşi tarapyndan berilen beýannamada ministrleriň energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrmak kararyna gelendigi habar berildi.

24 Şubat 2021 17:52

Online formatda geçirilen maslahatdan soň berilen ýazmaça beýannamada; Türkiýäniň mejlisiň gün tertibinde  ara alynyp maslahatlaşylan meseleler boýunça kiçi iş topary döretmek baradaky inisiatiwanyň goldanadygy aýdylýar.

Energetika pudagynda maliýeleşdirmegiň ähmiýetine  aýratyn bellenip geçilen beýannamada halkara maliýe guramalary bilen ylmy-maslahatlar gurnama pikiriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy we Türkiýäniň gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky baý tejribesinden peýdalanyljakdygy habar berildi.

Beýannamada; taraplaryň nebit we gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändikleri bellenildi we Gazagystana nebit-himiýa önümlerini eksport etmegi boýunça  ýörite mehanizmin döretmegi üçin giňişleýin gözleg geçirmegi teklip edilendigi aýdylýar.

Gazagystanyň 2022-nji ýylda ikinji maslahata ýer eýeçiligi etjekdigi mälim edilen beýannamada agza döwletleriň arasynda nebit inženerligi pudagynda bilelikde kärhana döretmek ýaly meseleler boýunça pikir alyş çalşygy edilendigi nygtaldy.

Maslahata Türk geneşiniň döwürleýin Başlygy Azerbaýjanyn Energetika ministri Parwiz Şahbazow , Türk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew, Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Gazagystanyň Energetika ministri Nurlan Nogaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministriň orunbasary Weronika Isaýewa, Özbegistanyň Energetika ministrliginiň geňeşçisi Aziz Alimuhammedow, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Energetika we Klimat meselelerinden jogapkär ilçisi Dora Zombori gatnaşdy.

Habarlar