24 Şubat 2021 13:33
Türk Geňeşi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, Türk Geňeşine agza ýurtlary ykdysadyýet, söwda, saglyk, bilim we syýahatçylyk ýaly pudaklara energiýa önümçiligini hem goşup hyzmatdaşlygy giňeldýär diýildi. Bu çäkde Türk Geňeşine agza ýurtlaryň energetika ministirleri ertir ilkinji gezek online görnüşde maslahat geçirerler.
Maslahatyň açylyşynda Türk Geňeşiniň döwürleýin başlygy, Azerbaýjanyň Energetika ministri Perwiz Şahbazow we Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew çykyş ederler we Türk Geňeşine agza ýurtlaryň energiýa pudagynda bilelikde atjak gadamlaryna baha bererler. Maslahatda Türkiýäniň Energetika we Tebigy Serişdeler ministri Fatih Dönmez, Gazagystanyň Energetika ministri Nurlan Nogaýew, Gyrgyzystanyň Energetika we Senagat ministri Kubanyçbek Turdubaýew, Özbegistanyň Energetika ministri Alişir Soltanow we Wengriýa Innowasiýalar we Tehnologiýa ministrliginiň Energetika syýasaty ministri Attila Steiner çykyş ederler.
Türk Geňeşine agza ýurtlaryň arasynda energiýa pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny belläp geşjek ýolbaşçylar energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek, diwersifikasiýa etmek we sebitdäki energiýa ýollaryny gowulandyrmak mümkinçilikleri meseleleri boýunça pikir alyş çalşygy ederler.
Türk Geňeşine agza ýurtlaryň energetika ministirleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin amatly maýa goýum şertlerini döretmek, döwrebap energiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly tejribeleri paýlaşmak, agza ýurtlarda öndürilýän nebit-himiýa önümleri üçin halkara kanallar döretmek we agza döwletleriň arasynda nebit inženerligi pudagynda bilelikde kärhana döretmek ýaly meseleler boýunça pikir alyş çalşygy ederler.