turk-ge-esini-bas-sekretary-bagdad-amre-ew-wideo-aragatnasyk-ulgamy-arkaly-gec

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek Türk Geňeşiniň resmi bolmadyk sammitiniñ öñi syrasynda metbugata beýanat berdi

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türk Geňeşiniň Türk Dünýäsi Bileleşigini döretmegi maksatlaýandygyny habar berdi.

30 Mart 2021 21:21

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, 31-nji martda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek Türk Geňeşiniň resmi bolmadyk sammitiniñ öñi syrasynda metbugata beýanat berdi. 

Baş sekretar Amreýew, güýz paslynda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilen resmi sammite taýarlygyň çägindäki bu maslahata Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan döwletleriniň liderleri bilen birlikde, synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbanyň we Türkmenistanly resmileriň gatnaşjakdygyny mälim etdi. 

Türk Geňeşiniň Türk Dünýäsi Bileleşigini döretmegi maksatlaýandygyny bellän Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew: "Azerbaýjanyň Garabag ýeňişinden soň liderler ilkinji gezek bu maslahatda bir ýere jemlenerler. Şol sebäpli halkyň gözünde bu maslahatyň ähmiýeti artýar" diýip belledi. 

Amreýew, Gazagystanyň Türkistan şäheriniň Türk Dünýäsiniň ruhy merkezi hökmünde yglan edilmeginiň maslahatyň gün tertibinde boljakdygyny aýan etdi. 

Amreýew, Türk Dünýäsiniň Stambul, Samarkand, Buhara, Şuşa, Bakuw, Almaty ýaly şäherleriň hem gelejekde ýörite statusa eýe bolup biljekdigini beýan etdi. 

Baş sekretar Amreýew, döwlet ýolbaşçylaryñ Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat edilen Garabag sebitiniñ täzeden dikeldilmegi boýunça arkalaşykda boljakdyklaryny nygtap Geñeşe agza ýurtlardaky hususy pudagyñ hem Garabag sebitiniñ dikeldilmeginde işjeñ gatnaşmagynyñ ähmiyetini belledi. Amreýew, Bakuwda 2021-nji ýylyñ aprel aýynyñ soñlarynda hususy pudagyñ Garabagda iş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy üçin işewür forumuñ gurnaljakdygyny habar berdi.

Amreýew, maslahatda “Türk Geñeşi Strategiýasy 2020-2025 we Türk Dünýäsi Gözýetimi-2040” meýilnamalarynyñ ara alynjakdygyny hem habar berdi.

Türkiýäniñ şu ýyl Türk Geñeşi liderler sammitine ýer eýeçiligi edip döwürleýin başlyklyk wezipesini Azerbaýjana tabşyrjakdygyny ýatladan Amreýew, “Türkiýe hemişe ähli pudaklar hyzmatdaşlygymyzyñ ösmegine uly goşant goşdy. Türkiýäniñ Türk dünýäsiniñ arkalaşygynyñ hasam pugtalanmagynda uly goşandygynyñ dowam etmegini tama edýärin”-diýdi.

Häzirki wagtda 10-dan gowrak ýurduñ Türk Geñeşinde synçy ýurt statusy talap edendigine ünsi çeken Amreýew, Geñeşde şugünki gün diñe Wengriýanyñ bu statusa eýe bolandygyny aýtdy.

Habarlar