turk-ge-esini-bas-sekretary-bagdat-amre-ew-hojaly-gyrgyncylygy-bilen-bagly-uzl

Türk Geñeşiniñ baş sekretary Bagdat Amreýew Hojaly gyrgynçylygy bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Türk Geñeşiniñ baş sekretary Bagdat Amreýew, Hojaly Gyrgynçylygynda wepat bolanlary hormat bilen hatyralap: “ Türk Dünýäsi bolup Azerbaýjan bilen egin-egne berip durmaga dowam ederis” diýdi.

26 Şubat 2021 18:03

Türk Geñeşiniñ baş sektretary Bagdat Amreýew Hojaly Gyrgynçylygynyñ 29 ýyllygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde 1992-nji ýylyñ 26-njy fewralynda Daglyk Garabagyñ Hojaly şäherçesinde Ermenistanyñ ýaragly güýçleriniñ  aralarynda çaga, zenan we garrylaryñ bolan bigünä adamlary öldürendigini ýatlatdy.

Ýüzlenmede; “ Bütin dünýäniñ şaýat bolşy ýaly adalat ýerine geldi we doganlyk ýurt Azerbaýjan Daglyk Garabagdaky Ermenistanyñ basyp alyşlygy astynda bolan topraklaryny azat etmek üçin başladan harby operasiýasy ýeñiş bilen soñlandy. Gazanylan bu ýeniş tutuş Türk Dünýäsiniñ buýsanjy we begenji boldy diýildi.

Ýüzlenmede; “Hojalynyñ gussaly ýatlamasy Azerbaýjanly doganlarymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Bu pursatdan peýdalanyp, Türk Geňeşi adyndan Hojaly gyrgynçylygynda wepat bolanlary hormat bilen hatyralaýarys we Azerbaýjan halkyna we Azerbaýjanyñ hökümetine gynanç bildirýäris. Türk dünýäsi Azerbaýjan bilen egin-egne berip durmaga dowam eder”- diýildi

 

Habarlar