turk-ge-esini-liderler-sammitini-jemle-ji-jarnamasy-cap-edildi

Türk Geñeşiniñ Liderler Sammitiniñ Jemleýji Jarnamasy Çap Edildi

Wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türk Geňeşiniň Liderler sammitiniñ jemleýji jarnamasy çap edildi.

31 Mart 2021 19:00

Çap edilen jarnamada, Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiñ ýolbaşçylygynda Gazagystan Respublikasynyñ 1-nji prezidenti we Türk Geñeşiniñ hormatlanýan başlygy Nursoltan Nazarbaýew, Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Japarow, Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Özbegistan Respublikasynyñ prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistan Respublikasynyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Wengriýanyñ premýer ministri Wiktor Orban bilen Türk Geñeşiniñ baş sekretary Bagdat Amreýewiñ gatnaşmagy bilen geçirilendigi mälim edildi.

Döwlet ýolbaşçylary eden çykyşlarynda bahar baýramy bolan Nowruz baýramy we Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistanyñ Garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet ýolbaşçylary, Türki dilli ýurtlaryñ soñky ýyllarda syýasy we sosýo- ykdysady taýdan uly üstünliker amala aşyrandyklaryny belläp Türk Dünýäsinde köp taraply gatnaşyklaryñ ösmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Türki dilli döwletler arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny aýtdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyñ Ermenistanyñ basyp alyşlygy astyndaky topraklaryny halas etmeginden we Ermenistan-Azerbaýjan çaknyşyklarynyñ soñlanmagyndan hoşal bolandyklaryny bellän döwlet ýolbaşçylary, Türk Dünýäsinde has ýakyn hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk üçin uzak möhletleýin gözýetimleri we maksatnamalary we strategiki ugry kesgitlemek kararyna gelendiklerini aýratyn bellediler.

Döwlet baştutanlary, Türk Dünýäsiniň gymmatlyklaryny we bähbitlerini sebitara we halkara derejede goramak we ösdürmekde rollaryny artdyrmak isleýändiklerini tassykladylar.

Halklaryň bähbidi üçin parahatçylyga, durnuklylyga, howpsuzlyga we abadançylyga goşant goşýan köp taraply ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belleýän döwlet baştutanlary Türkistan şäheriniň  Türk Dünýäsiniň halklaryny birleşdirmekde ruhy ähmiýetini ykrar etdiler.

Türkistan şäheri, Türk Dünýäsiniñ ruhy paýtagtlaryndan biri hökmünde yglan edildi

Türk Geñeşiniñ Liderler Sammitinde kabul edilen kararlar:

  • Türkitan şäheri, Türk Dünýäsiniñ ruhy paýtagtlaryndan biri hökmünde yglan edildi. Şuňa meňzeş statusyň geljekde Türk Dünýäsiniň beýleki gadymy şäherlerine hem aýlaw usuly esasynda berilip bilinjekdigi ylalaşyldy.
  • Gazagystan Respublikasynyñ 1-nji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiñ Türk Geñeşiniñ adyny üýtgetme teklibiniñ goldanýandygy we daşary işler ministirliklere we sekretariata 2021-nji ýylyñ noýabrynda Türkiýe Respublikasynda geçiriljek 8-nji Liderler Sammitinde kabul edljek resminamalary taýýarlamak barasynda görkezme berildi.
  • Birek-biregiň özygtyýarlylygyny, territorial bitewiligini we halkara derejesinde kabul edilen serhetleriň durnuklylygyny ykrar etmek we hormatlamak esasynda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagynyñ goldanýandygy mälim edildi.
  • Azerbaýjanyň hökümeti we halky bilen çaknyşyklardan zeper gören sebitleri täzeden gurmak we dikeltmek tagallalarynda raýdaşlykda bolunandygy bellendi.
  • Türk dünýäsiniň edebi, çeperçilik, durmuş-ykdysady, ylmy we medeni durmuşynyň ösmegine uly goşant goşan şahyr we döwlet adamy Ali Şir Nowaýynyň 2021-nji ýylda doglan gününiň 580 ýyllygy mynasybetli Halkara Türk Geňeşi Ali Şir Nowaýy baýragyny döretmek barada ylalaşyldy.
  • Türk Geñeşine agza ýurtlaryñ degişli guramalaryna Türk Dünýäsiniñ edebiýat, sungat, bilim we medeniýetiniñ ösmegine uly goşant goşan beýik şahyr, pelsepeji we döwlet adamlaryndan Ýusuf Balasagunyñ doglan gününiñ 1005 ýyllygy, Nizami Genjewiniñ doglan gününiñ 880 ýyllygy, Ýunus Emre we Türkçe ýyly, Ali Şir Nowaýynyñ doglan gününiñ 580 ýyllygy, Jambyl Jabaýewiñ doglan gününiñ 175 ýyllygy we Alihan Bökeýhanyñ doglan gününiñ 155 ýyllygy we Hüseýin Karasaýewiñ doglan gününiñ 120 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriñ Türk Hyzmatdaşlygy Guramasy bilen utgaşykda gurnalmagy görkezmesi berildi.

Türk Geñeşiniñ Liderler Sammitine gatnaşan döwlet yolbaşçylary, Gazagystan Respublikasynyñ 1-nji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe Geñeşe ýolbaşçylyk edendigi üçin we Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Jomart Tokaýewe maslahaty üstünlikli dolandyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Jarnamanyñ Azerbaýjan, Gazak, Gyrgyz, Türk we Özbek dillerinde kabul edilendigi nygtaldy.

Habarlar