turk-ge-esini-ykdysady-et-bo-unca-ministrleri-10-njy-maslahaty-bakuwda-geciril

Türk Geňeşiniň Ykdysadyýet boýunça ministrleriň 10-njy maslahaty Bakuwda geçiriler

Türk dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk Geňeşi (Türk Geňeşi) Ykdysadyýet boýunça ministrleriň 10-njy maslahaty Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriler.

08 Eylül 2021 11:30

Azerbaýjanyñ ykdysadyýet ministri Mikaýyl Japbarow we Türk Geñeşiñ baş sekretary Bagdat Amreýewiñ ýer eýeçiliginde geçirilen maslahata Gyrgyzystanyñ Ministirler Kabinetinin başlygynyñ orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Akybek Japarow,  Türkiýäniñ söwda ministri Mehmet Muş, Gazagystanyñ söwda we integrasiýa ministri Bakyt Sultanow, Özbegistanyñ maýa goýum we daşary söwda ministriñ orunbasary Aziz Woitow we Wengriýanyñ daşary işler we söwda ministirliginiñ döwlet sekretary Peter Sztaraý  gatnaşar.

Maslahatda Türk maýa goýum gaznasynyň "Tehniki-ykdysady esaslandyryş" we "dörediliş şertnamasy ", Türk söwda we senagat otagynyñ hukuk statusy we beýleki işleri, Türk Geñeşiniñ sebitinde söwda we maýa goýum  ulgamyny has liberallaşdyrmak üçin goşmaça mehanizmler we agza ýurtlarda Türk Söwda öýüniñ döredilmegi ýaly meseleler ara alynar. Maslahatyñ çäginde ministirler Wengriýa we Gyrgyzystanda öñümizdäki ýyllarda gurnalmagy meýilleşdirilýän iş we maýagoýum forumyñ guralyşy barasynda pikir alyşarlar.

Maslahatdan soñ, "Dürli ykdysady zolaklaryň arasynda bilim we tejribe alyş-çalşygy barasynda özara düşünişmek memorandumy gol çekiler we Türk işewür baýrak gowşurylyş dabarasy gurnalar.

Şol gün ministrleriň gatnaşmagynda Azerbaýjanyň azat edilen Garabag sebitini dikeltmäge we ösdürmäge bagyşlanan Türk işewürlik forumy hem geçiriler.

Habarlar