turk-ge-esini-ykdysady-et-bo-unca-ministrleri-10-njy-maslahaty-bakuwda-geciril

Türk Geňeşiniň Ykdysadyýet boýunça ministrleriň 10-njy maslahaty Bakuwda geçirildi

Paýtagt Bakuwda geçirilen maslahatda, Dürli ykdysady pudaklaryñ arasynda bilim we tejribe alyş-çalşygy barasynda özara düşünişmek ähtnama gol çekildi.

10 Eylül 2021 18:27

Azerbaýjanyñ ykdysadyýet ministri Mikaýyl Japbarow we Türk Geñeşiñ baş sekretary Bagdat Amreýewiñ ýer eýeçiliginde geçirilen maslahata Gyrgyzystanyñ Ministirler Kabinetinin başlygynyñ orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Akybek Japarow,  Türkiýäniñ söwda ministri Mehmet Muş, Gazagystanyñ söwda we integrasiýa ministri Bakyt Sultanow, Özbegistanyñ maýa goýum we daşary söwda ministriñ orunbasary Aziz Woitow we Wengriýanyñ daşary işler we söwda ministirliginiñ döwlet sekretary Peter Sztaraý  gatnaşdy.

Maslahatda Türk maýa goýum gaznasynyň "Tehniki-ykdysady esaslandyryş" we "dörediliş şertnamasy ", Türk söwda we senagat otagynyñ hukuk statusy we beýleki işleri, Türk Geñeşiniñ sebitinde söwda we maýa goýum  ulgamyny has liberallaşdyrmak üçin goşmaça mehanizmler we agza ýurtlarda Türk Söwda öýüniñ döredilmegi ýaly meseleler ara alyndy.

Maslahatda, maýa goýumlary we hyzmatlar babatynda erkin söwda şertnamasyny we elektron söwda teswirnamasyny taýýarlamak barasynda hem pikir alyşyldy.

Maslahatyñ çäginde ministirler Wengriýa we Gyrgyzystanda öñümizdäki ýyllarda gurnalmagy meýilleşdirilýän iş we maýagoýum forumyñ guralyşy barasynda pikir alyşarlar.

Maslahatdan soñ ministrler "Dürli ykdysady sebitleriñ arasynda bilim we tejribe alyş-çalşygy barasynda özara düşünişmek ähtnama gol çekdiler.

Habarlar