turk-lukmany-dun-de-marka-doretdi

'Türk lukmany' dünýäde marka döretdi

Koronawirus ýokanç keseli sebäpli 2020-nji ýylda goýulan syýahat çäklendirmelerine garamazdan, dünýäniň çar künjeginden 1 million 200 müň syýahatçy bejergi üçin türk lukmanlaryna ýüz tutdylar.

24 Şubat 2021 16:33

Türkiýe koronawirus ýokanç keseline garşy göreş çäginde sanjym meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegi, şäher hassahanalarynyň ýerine ýetirýän möhüm roly we Türk lukmanlarynyň saglygy goraýyş  pudagynda gazanýan üstünlikleri saýasynda dünýä metbugatynda giň beyan tapýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş pudagynda Taýwan, Hindistan we Malaýziýadan soň 4-nji hatarda orun alýan Türkiýä, koronawirus ýokanç keseli sebäpli goýulan syýahat çäklendirmelerine garamazdan, dünýäniň çar künjeginden 2020-nji ýylda 1 million 200 müň syýahatçy bejergi üçin geldi.

Türkiýä saglyk üçin iň köp Yrak, Liwiýa, Azerbaýjan, Alžyr, Saud Arabystany we Gazagystandan gelindi. Daşary ýurtlaryň raýatlary  Türkiýede hirurgiýa operasiýalary, ýürek-damar operasiýasy, IVF ( İemeli yoldan göwrelilik usuly)  bejergisi we rak keselini bejermek üçin gelýärler.

2020-nji ýylda saglyk syýahatçylygyndan 4 milliard dollar girdeji alyndy. 

  

Habarlar