turk-sowutly-ulagy-ejder-alcyn-4-4-dun-markasy-boldy

Türk sowutly ulagy “Ejder Ýalçyn 4×4” dünýä markasy boldy

Türkiýäniň goranyş senagaty pudagynda işlenip düzülen taktiki tigirli sowutly ulagy “Ejder Ýalçyn 4x4” eýe bolan ukyplaryna täzesini goşýar.

10 Mart 2021 20:37

Türkiýäniñ sowutly ulag öndürüjilerinden Nurol Makine firmasy tarapyndan öndürilen “Ejder Ýalçyn 4x4”  sowutly gury ýer awtoulagy, asimmetrik iş gurşawynda eýe bolan ýokary gorag, ýokary hereket etme we  agyr ýük göterijilik ukyplary bilen hem Türkiýde hem-de daşary ýurtlarda uly talap görýär.

“Ejder Ýalçyn 4x4”  sowutly ulagyñ, söweş we goldaw missiýalarynda ulanmak üçin işlenip düzülen 10-dan gowrak konfigurasiýasy bar. Bu ulaglar  ýakyn gündogar, pars aýlagy, Aziýa, Afrika we ýewropa yurtlary tarapyndan satyn alynýar.

Ýewropa Bileleşigi wee NATO-nyñ agzasy bolan Wengriýanyñ 2020-nji ýylda “Ejder Ýalçyn 4x4”  sowutly ulagy satyn almagy bilen bu ulag Türkiýeden daşary NATO agzasy tarapyndan ulanylan ilkinji sowutly ulag boldy.

“Ejder Ýalçyn 4x4”  sowutly ulagy  tapawutly ukyplara eýe bolandygy üçin köp wagtdan bäri Türkiýede we halkara harby türgenleşiklerde ulanylýar.

“Ejder Ýalçyn 4x4” ulagy, Sahel sebitinde geçirilen harby türgenleşik çäginde esgerleri asimmetrik howplardan we hüjümlerden goramagy başarmagy bilen NATO we BMG-da ulanylan ilkinji Türk ulagy boldy.

“Ejder Ýalçyn 4x4” sowutly ulagyñ köp talap edilmeginiñ sebäplerinden biri, Nurol Makine firmanyñ Birleşen Milletler Guramasynyň töwekgelçilikli geografiýalarda geçirilen harby türgenleşiklerinde ulaglara ýerinde abatlaýyş goldawyny bermegidir.

“Ejder Ýalçyn 4x4”ulagy  NATO-nyň talaplaryna laýyk gelýän binagärlik gurluşy (N-GVA)  saýasynda köp sanda harby enjamlar tiz, amatly bahada we ulagyň işleýşine zeper bermän birleşdirip bolýar.

Habarlar