turk-taryhyny-mohum-zenan-sahsy-etlerinden-kurmanjan-datka

Türk taryhynyň möhüm zenan şahsyýetlerinden: Kurmanjan Datka

Alaý şa zenany hökmünde häsiýetlendirilen Kurmanjan, Gyrgyzystanyň taryhynda "Datka" (general) şanyna eýe bolan ýeke-täk şa zenany.

24 Eylül 2021 19:38

Kurmanjan Datka, 1811-nji ýylda Oş şäheriñ golaýyndaky Mady obasynda Bargy taýpasyndan Mamytbaýyñ gyzy bolup dünýä indi. 17 ýaşyndaka Kul Seýit bilen durmuş gurdy. Bir ýyldan soň adamsyny taşlap, kakasynyň öýüne gaýdyp geldi.

1832-nji ýylda Altaý Gyrgyzlarynyñ lideri Alymbek Datka bilen durmuş gurdy. Bu nikadan 5 ogly we 2 gyzy dünýä indi.

1832-nji ýylda adamsy Alimbek Datka öldürilenden soň, günortadaky gyrgyz halkynyň başyna geçdi. Günorta Gyrgyzystanyň Alaý sebitiniň dolanyşygyny ele saldy. Güýjüni Buhara we Hokand hanlyklaryna kabul etdirdi. Oña “ Datka” şany dakyldy. Ähli döwlet işlerinde işjeñ rol almaga başlady.

Kurmanjan Datkanyň Alaý taýpasyny dolandyran döwründe Rus imperiýasynyň Merkezi Aziýa ýaýrap, ýerli halklary uly harby mümkünçilikleri bilen özüne baglaýan ýyllarydy. Şeyle-de Hokand, Hywa we Buhara hanlyklary bir-biri bilen çaknyşyk ýagdaýdady. 1877-nji ýylda Orslar, Kurmanjanyñ dolanyşygyndaky Alaý jülgesine geldi. Kurmanjan Datka Rus generaly Skobelew bilen bir  şertnama baglaşyp halkyny gorag astyna aldy. 30 ýyllap  Alaý taýpasynyñ başynda galdy. General Skobelew Kurmanjan Datkanyň paýhasyna haýran galyp, oňa "Alaýyñ şa zenany" adyny berdi.

Kurmanjan Datka, 1907-nji ýylda 96 ýaşynda dünýeden ötdi. 2004-nji ýylda Kurmanjan Datkanyñ durmuşyny gürrüñ berýän çeper film çekildi. Bu çeper film TRT Awaz teleýaýlymynda ýaýlyma berildi.

Habarlar