turk-yslam-siwilizasi-asyny-i-esasy-s-herlerinden-biri-samarkand

Türk-Yslam siwilizasiýasynyň iň esasy şäherlerinden biri: Samarkand

Özbegistanyñ Samarkand şäheri, müñden aşa taryhy we medeni ýadygärliklere ýer eýeçiligi edýär.

15 Nisan 2022 12:10

Samarkand Özbegistanyñ iñ uly 2-nji uly şäheri bolmagy bilen bir hatarda biziñ eýýamymyzdan ozal VIII asra uzanýan taryhy bilen müñden aşa medeni we taryhy ýadygärliklere ýer eýeçiligi edýär.

Dürli döwürde Günbatar Garahanidler, Şaýbani we Timuridler ýaly köp sanly türki döwletiniň paýtagty bolan Samarkand, Orta asyrda gurlan gök gümmezli metjitleri, medreseleri, kerwensaraýlary we asmana ýetýän minaralary bilen görenleri özüne bendi edýär.

Asyrlar boýy Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky Beýik ýüpek ýolunyñ üstünde orun alýan Samarkand, döwrüň iň möhüm söwda merkezlerinden biri bolmak bilen bir hatarda orta asyrda dünýäniň bilim merkezlerinden biri bolupdyr.

Dünýäniñ çar künjeginden gelen ýüzlerçe ussat Samarkandaky medreselerde deñi-taýy bolmaýan eserler ýasadylar.

Samarkand, Merkezi Aziýa Türk binagrliginiñ naýbasy nusgalaryndan biri bolan Registan meýdany, Emewiler döwründe şehit bolan Hz. Muhammediň doganoglany Kusem bin Abbasyň kümmetiniñ ýerleşýän Şah-y Zinde toplumy, Timurid imperiýasynyñ esaslandyryjy Emir Teýmiriň kümmetiniñ ýerleşýän Guri Emir Kümmeti, Meşhur matematik we astronom Soltan Mirza Ulugbeg tarapyndan gurlan Ulugbeg obserwatoriýasy, Emir Teýmiriñ aýaly Bibi Hanymyñ gurduran Bibi Hanym Medresesi, 712-nji ýylda Merkezi Aziýada gurlan ilkinji metjid bolan Hezreti Hyzyr metjidi ýaly köp sanda taryhy we medeni ýadygärliklere ýer eýeçiligi edýär.

ÝUNESKO-nyň howandarlygynda şäheriñ döredilmeginiň 2750 ýyllygyny bellän Samarkand, 2001-nji ýylda Bütindünýä miras sanawyna girizildi.

Habarlar