turk-yslam-taryhyny-krymdaky-yzlary-tarakdas-oba-okary-metjidi

Türk-Yslam taryhynyñ Krymdaky yzlary: Tarakdaş oba ýokary metjidi

Tarakdaş oba ýokary metjidi, “ Hajy Beg Metjidi” we “ Uly Tarakdaş Metjidi” diýip hem bilinýär.

04 Ağustos 2021 02:56

Metjidiñ ilkinji görnüşi XVII asyrda guruldy. Metjidiñ gurlyş taryhy hakynda maglumatlar 1785-1786-njy ýylda ýazylan taryhy resminamada orun alýar. Zamanamyza gelip ýeten metjidiñ görnüşi bolsa 1886-njy ýylda Tarakdaşly Hasanogly Seýdamet tarapyndan ozalky metjidiñ ýerine guruldy.

Metjid, Sowýet Soýuzy döwründe 1934-nji ýylda resmi taýdan ýapyldy we bina klub we kolhozyñ ammary hökmünde ulanyldy. Metjidiñ mynarasy bolsa 1939-njy ýylda ýykyldy.

II Jahan urşunda Nemesleriñ Krymy basyp alyşlygy döwründe metjid arassalanyp ýañadan ybadata açyldy. Ýöne 1944-nji ýylda Gyzyl goşunyñ Krymy yzyna gaýtaryp almagy we Krym tatarlary watanlaryndan sürgün edilmegi bilen metjid ýañadan ýapylýar. Sowýet Soýuzy dargaýança metjid talyplaryñ umumy ýaşaýyş jaýy bolupdyr.

1990-njy ýyllarda watanlaryna gaýdyp gelen Krym tatarlary metjidi yzyna alyp abatlaýyş işi geçirýärler we täze bir minara gurýarlar.

Metjid zamanamyzda ybadata açyk.

Habarlar