turk-yslam-taryhyny-krymdaky-yzlary-uly-ozenbas-obasyny-juma-metjidi

Türk-Yslam taryhynyñ Krymdaky yzlary: Uly Özenbaş obasynyñ Juma Metjidi

Krymyñ iñ uly obalaryndan biri bolan Uly Özenbaş obasynda Sowýet Soýuzyndan ozal 5 mähellede bäş metjid bardy.

03 Eylül 2021 21:38

Zamanamyza obanyñ 5 metjidinden diñe Juma metjidi gelip ýetdi. Uly Özenbaş obasyndaky Juma metjidi Krym Hanlygy döwründe XVII ýada XVIII asyrda guruldy. Metjid 1825-26-njy ýyllarynda ýañadan guruldy. Metjid 1930-njy ýylda bolsa Sowýet Soýuzyñ hökümetiniñ buýrugy bilen ýapyldy.

1941-44-nji ýyllarda Nemesleriñ Krymy basyp alan döwründe ýerli Musulman üçin bu metjid ýañadan açyldy emma 1944-nji ýylyñ maý aýynda Gyzyl goşunyñ Krymy ýañadan yzyna almagy we Krym tatarlary watanlaryndan sürgin edilmeginden soñ Uly Özenbaş obasyndaky juma metjidi ýañadan ýapylyp oba klubyna öwrüldi.

1990-njy ýyllarda Krym tatarlaryñ watanlaryna gaýdyp gelmäge başlamagy bilen Özenbaş obasyna ýerleşen musulmanlar metjidi ybadata açdylar.

Habarlar