turki-dilli-dowletleri-ba-daklaryny-manysy

Türki dilli döwletleriñ baýdaklarynyñ manysy

Baýdaklar eýe bolan simwoliki manysy bilen bir hatarda, olar bir döwletiñ resmi nyşanasydyr we wekilçilik edýän milletiň garaşsyzlygynyň tymsalydyr. Türki dilli halklar baýdaklaryny mukaddes hasaplaýarlar.

30 Aralık 2021 18:46

Türkiýe Respublikasynyň baýdagy ýarym aýly gyzyl reñkdedir we tutuş Türk milletini wekilçilik edýär. 1936-njy ýylyñ 29-njy maýynda Türkiýe Respublikasynyñ baýdagy kanuny bilen döwlet baýdagy bolup ykrar edildi.

Türkiýe baýdagynyñ gyzyl reñki Azatlyk söweşinde watany üçin janyny gurban eden esgerleri, azatlyk söweşi, aý we ýyldyz bolsa Garaşsyzlygyñ nyşanasyny alamatlandyrýar.

AZERBAÝJAN

Azerbaýjan Respublikasynyñ döwlet baýdagy üçin ilkinji hökümet karary 1918-nji ýylda kabul edildi. Sowýet Soýuzyñ dargamagy bilen garaşsyzlygyny ykrar eden Azerbaýjan, Respublika  döwründe kabul edilen baýdagy 1991-nji ýylda gaýtadan döwlet baýdagy hökmünde ykrar etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyñ döwlet baýdagy mawy, gyzyl we ýaşyl zolaklardan ybarat. Gyzyl fonda sag tarapa bakýan ak ýarym aý we sekiz burçly ýyldyz bar.

Baýdakdaky mawy reñk Türkligi, ýaşyl reňk Yslamy, gyzyl reňk bolsa siwilizasiýany aňladýar. Ýurtda 9-njy noýabrda “Döwlet baýdagynyñ” güni bellenýär.

GAZAGYSTAN

Gazagystan Respublikasynyñ döwlet baýdagynyñ mawy reñki adamlaryñ medeni-etniki bitewiligini we döwletiň bölünmezligini, baýdagyñ ortasynda orun alýan güneş bolsa parahatçylygy we bereketi aňladýar.

Baýdagyñ edil ortasynda milli şaý-sepleriň şekli, goçuñ şahy, güneş we bürgüt bar. Bürgüt, döwletiñ güýjüni we giñişligini, çep tarapda orun alýan altyn sary reñkli nagyşlar bolsa Gazak halkynyñ milli haly nagyşlarydyr.

GYRGYZYSTAN

Gyrgyz Respublkasynyñ döwlet baýdagynyñ reñki gyzyl bolup baýdagyñ edil ortasynda 40 sany golu bolan sary reñkde bir güneş we onuñ içinde Gyrgyz çadyry orun alýar. Baýdakdaky güneşiñ 40 goly Manas dessanyndaky 40 sany türk taýpasyny, gyzyl reñk batyrlygy, sary güneş bolsa parahatçylygy we baýlygy aňladýar.

Sagdan çepe aşakdan ýokaryk uzanýan üç sany sary çyzgy bolsa Gyrgyz keçe çadyryñ tüýnügini añladýar. Çadyrda ýaşaýyş dowam etdikçe ojak ýanar beýgelýän tüsse bolsa tüýnükden çykar.

Gyrgyz parlamenty 1992-nji ýylyñ 3-nji martynda Gyrgyzystan döwlet baýdagy kanunyny kabul etdi. Garaşsyz Gyrgyzystanda döwlet baýdagy ilkinji gezek 1992-nji ýylyñ 5-nji martynda al-asmanda pasyrdadyldy.

Baýdagy Edil Aýdarbekow, Beksosun Žaýçybekow, Sabyr Iptarow, Ýusup Mataýew we Mamatbek Sydykow taýarlady.

DEMIRGAZYK KIPR TÜRK RESPUBLIKASY

DKTR döwlet baýdagynyñ edil ortasyndaky aý ýyldyz Türkligi, ýokardaky gyzyl zolak Türkiýe Respublikasyny, aşakdaky gyzyl zolak bolsa DKTR-ny añladýar.

ÖZBEGISTAN

Özbegistan Respublikasynyñ döwlet baýdagynyň simwoliki manysy üçin köp teoriýa öňe sürülýär. Olaryň birine görä, 12 ýyldyz Özbek welaýatlaryny, Gök reñk Türkligi, ak reñk adalaty, ýaşyl reñk bolsa myhmansöýerligi aňladýar. Iki inçe gyzyl çyzyk bolsa "güýçli bolmagy", ýarym aý bolsa "täzelenmegi" aňladýar.

Başga bir teoriýa görä bolsa 12 ýyldyz 12 aýly kalendary, ýarym aý Yslamy, ak reñk bolsa pagtany añladýar.

Başga bir teoriýa görä bolsa mawy  reñk suwy, ak reñk parahatçylygy, ýaşyl reñk tebigaty, gyzyl reñk çyzyklar bolsa bu gymmatlyklary birleşdirýän ýaşaýşyñ güýjüni añladýar.

TÜRKMENISTAN

Türkmenistanyñ döwlet baýdagy ýaşyl reňklidir.Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahalteke¸ýomut¸ salyr¸ çowdur¸ ärsary gölleri ýerleşdirilen¸ olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr. Olaryň her biriniň daşyna hem haly nagşy aýlanan¸ onuň daşky gyrasy zolagyň gyralary bilen utgaşdyrylan. Gyzyl-gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde başlanýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany zeýtun pudagy şekillendirilendir. Olaryň her biri aşakysyndan we ýokarkysyndan başgasy jübüt ýerleşen¸ uçlarynda keçilýän ýapraklaryň onusyndan ybaratdyr.

Baýdagyň uly ýaşyl böleginde çep ýokarky burçda ak reňkli ýarymaý we bäş sany ýyldyz şekillendirilendir.

Türkmenistanyň baýdagy:

1. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň hem garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr.

2.Türkmenistanyň Döwlet baýdagy göniburçluk görnüşindäki mata bölegidir. Baýdagyň uzynlygy onuň ininden bir ýarym esse ulydyr.

Habarlar