turki-dilli-dowletleri-guramasyny-bas-binasyny-o-und-ki-ba-daklar-arysyna-ce

Türki Dilli Döwletleriñ Guramasynyñ baş binasynyñ öñündäki baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy

Gazagystanda baş beren protest ýörişlerde ýogalanlaryñ hormatyna Türki dilli Döwletleriñ Guramasynyñ baş binasynyñ öñündäki baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

10 Ocak 2022 14:54

Türki dilli Döwletleriñ Guramasy tarapyndan berilen beýannamada: “ Gazagystanda baş beren terrorçylykly wakalalarda ýogalanlaryñ hormatyna prezident Kasym Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edilen karar bilen 2022-nji ýylyñ 10-njy ýanwarynda milli ýas güni yglan edildi.”-diýildi.

Beýannamada ýas gününde Türki dilli Döwletleriñ Guramasynyñ baş merkezinde we agza-synçy döwletleriñ baýdaklaryñ ýarysyna çenli aşakladylandygy bellenip “ Doganlyk Gazagystan halky we hökümeti bilen hemişe raýdaşlykda bolan Türki dilli Döwletleriñ Guramasy, Gazagystanda baş beren wakalarda yogalanlar üçin Alladan rehnet, ýaralananlaryñ bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny we ýurduñ tiz wagtda kadaly ýagdaýa gelmegini arzuw edýäris "- diýildi.

Habarlar