turki-dilli-dowletleri-hyzmatdaslyk-ge-esini-turk-ge-esi-urtlaryny-futbol

Türki dilli döwletleriñ hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geñeşi) ýurtlarynyň futbol federasiýalary hyzmatdaşlyk ederler

Türki dilli döwletleriñ hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geñeşi) ýurtlarynyň futbol federasiýalary arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

14 Nisan 2021 21:39

Türkiýe futbol federasiýasy (TFF) tarapyndan berilen beýannamada online görnüşde geçirilen maslahata Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan we Wengriýanyñ futbol federasiýasynyñ ýolbaşçylary gatnaşdy.

Maslahatyñ çäginde, ýurtlar arasynda ýörite bäsleşikler, türgenleşikler we lagerler gurnamak, infrastruktura, tälim, eminlik we ösüş maksatnamalary ýaly köp sanly sport meselesi boýunça bilelikde iş alyp barylmagy kararyna gelindi.

Şernama gol çekilişik dabarasynda çykyş eden Türkiýe futbol federasiýasy ( TFF) başlygy Nihat Özdemir: “ Türk dünýäsiniñ bitewiliginiñ nusgalaryndan bolan Türki dilli döwletleriñ hyzmatdaşlyk geñeşiniñ ýurtlarynyñ futbol federasiýalary bolup taryhy bir şertnama gol çekýäris. 1992-nji ýylda Türki dilli halklar arasyndaky taryhy baglary, umumy dili, medeniýeti we däp-dessurlardan gözbaş alyp sebitde we bütindünýäde parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmek, ýurtlarymyzyň bilelikdäki ösüşini we hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Türk Geňeşiniň ilkinji gadamy atyldy. 2009-njy ýylda bolsa Nahçywan ylalaşygy bilen Türk Geñeşi resmi taýdan guruldy. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Wengriýa, Türkmenistan, Özbegistan we Türkiýe  20-den aşa tapawutly pudaklarda hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Şu gün futbol federasiýalary bolup gol çekjegimiz ylalaşykdan soñ bilelikde futbolda uly işler durmuşa geçirjegimize ynanýaryn”-diýdi.

TFF-iň başlygynyň 1-nji orunbasary we UEFA Geňeşiniň agzasy Serwet Ýardymjy eden çykyşynda: gol çekişilen bu şertnama diňe bir sebitimizdäki futbol çärelerini ösdürmek üçin  däl, eýsem medeni we jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan federasiýalarymyza uly peýda getirer. Mundan beýläk hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmak üçin has köp tagalla ederis. Ylalaşyga gol çeken federasiýalaryñ wekillerini gutlaýaryn. Remezan aýyñyz mübarek bolsun”-diýdi.

Habarlar