turki-dilli-dowletleri-lem-gi-isligi-bo-unca-hyzmatdaslyk-eder

Türki dilli döwletleri älem giñişligi boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türki dilli döwletleriň guramasyna agza we synçy döwletleriň kosmos gulluklary we degişli düzümleriň ilkinji maslahaty Azerbaýjanda geçirildi.

21 Aralık 2021 12:38

Paytagt Bakuwda Azerbaýjanyň Kosmos Gullugynyň guramagynda geçirilen maslahata Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzstan, Özbegistan, Türkmenistan ve Wengriýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türki döwletleriň guramasynyň agzalarynyň älem giňişligi boýunça taslamalary bilen bagly çykyşlar edildi, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikde işleşmegiň ugurlarynyň kesgitlenmegi boýunça geňeşmeler geçirildi.

Maslahatda “Türki dünýäsi 2040” gözýetiminiň çäginde alem ginişligi boyunça gözleg geçirmek üçin wekiliyetiñ döredilmegi, taslamalar we dowam etdirilýän  ylmy gözlegler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Türkiýäniñ adyndan gatnaşan Türkiýe Kosmos Agentliginiñ başlygy Serdar Hüseýin Ýyldyrym metbugata beren beýanantynda: “Milletimiziñ hukuklaryna eýe çykmak we bütindünýä adamzada hyzmat etmek üçin kosmosda bolmagymyz hökmany. Bu ýerdäki maksadymyz doly parahatçylykly. Kosmos okuwlaryny dowam etdirmek bilen biziñ hem bu pudakda bar bolandygymyzy bütindünýä görkezmek isleýäris. Bu maksat bilen ýygnandyk we ilkinji gadamy atýarys.”-diýdi.

Azerkosmosyñ başlygy Sameddin Asadow hem beren beýanatynda: “Türki dilli döwletller bolup kosmos pudagy barasynda giñişleýin maglumat almak we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara almak üçin maslahat geçirdik” -diýdi.

Habarlar