turki-dilli-halklary-5-mu-yllyk-milli-sporty-gokboru

Türki dilli halklaryñ 5 müñ ýyllyk milli sporty: “Gökbörü”

Merkezi Aziýadan Anadola uzanýan Türki dilli halklaryñ milli sportlaryndan biri bolan “ Gökbörü”, zamanamyzda festiwal, baýramçylyk we toý-dabaralarda oýnalyp nesilden nesle dowam etdirilýär.

02 Nisan 2021 15:52

“Gökbörü”, Türki dilli halklaryñ 5 müñ ýyllyk milli sportlaryndan biri bolup ozallar at üstündäki söweşçileriñ özlerini dynç, sagdyn duýmak üçin oýnan, zamanamyzda bolsa festiwal, baýramçylyk çäreler we toý-dabaralarda oýnalýan oýundyr.

Merkezi Aziýadan Anadola uzanan we “ buzkaşy”, “ kökbörü”, “ gökböri”, kökperi”, “kokkeri” we “ owlak oýny” diýip bilinýän at üstündäki ýigidiñ owlagy tutanyndan soñ garşydaşynyñ derwezesinden geçirip utuk gazanylýan “ Gökbörü” oýny,  asyrlardyr Türkiýe, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Mongoliýa, Täjigistan we Owganystanda oýnalmaga dowam edýär.

Atyň tizliginden has ýigidiñ güýç we ussatlygynyñ möhüm bolan Gökbörü oýny, ýaşlara harby ukyplary öwretmek, söweş meýdanynda at we ýigidiñ sazlaşykda hereket etmegini üpjün etmek bilen ýüzlerçe atlynyñ arasynda arkaýyn hereket etme ukybyny gazandyrýan bu oýun köp asyrlardan bäri Türkler tarapyndan oýnalýar.

Geçmişde Türkler tarapyndan her pursatda söweşe taýýar bolmak üçin obalarda oýnalan Gökbörü oýny, zamanamyzda festiwallar, toý-dabaralarda oýnalýar we geljek nesillere ýetirmek maksatlanýar.

Habarlar