turki-dilli-halklary-5-mu-yllyk-milli-sporty-kokboru-as-nesle-owredil-r

Türki dilli halklaryñ 5 müñ ýyllyk milli sporty “Kökbörü” ýaş nesle öwredilýär

Türkiýäniñ Wan welaýatynyñ Erjiş etrabynda ýaşaýan Gyrgyz türkleri milli sport bolan “ Kök börü” oýnuny ýurduñ içinde we daşary ýurtlarda oýnap nesilden nesle ýetirýärler.

10 Nisan 2021 15:19

Türkiýäniñ Wan welaýatynyñ Erjiş etrabynda ýaşaýan Gyrgyz türkleri milli sport bolan “ Gökbörü”nü geljek nesle ýetirmek üçin tagalla edýärler.

Owganystanyñ Pamir ýaýlasyndan 36 ýyl ozal göç edip Türkiýäniñ Wan welaýatynyñ Erjis etrabynyñ Ulupamir mähellesine ornaşan Gyrgyz türkleri däp-dessurlaryny ýaşatmak üçin Wan welaýat häkimligi we Erjiş arçynynyñ goldaw bermeginde Ulupamir Kökbörü Sport Kluby we Jemgyýetçilik Guramasyny açdylar.

Gyrgyz türkleri açylan bu sport kluby we jemgyýetçilik guramasynyñ üçegi astynda dürli sport çäreleri gurnaýarlar. Gyrgyzystanda milli sport kabul edilýän “kökbörü” oýny gurnalýan festiwallarda, toý-dabaralarda oýnalýar.

“Kökbörü” oýnunda 2 topara bölünýän at üstündäki türgenler ýerdäki owlak postuny almak üçin özara bäsleşýärler.

Ulupamir Kökbörü Sport Kluby we Jemgyýetçilik Guramasynyñ başlygy Ýakup Timur beren interwýusynda 5 müñ ýyllyk milli sporty ýaşatmak üçin uly tagalla edýändiklerini nygtap ýutduñ içinde we daşary ýurtlarda gurnalýan bäsleşiklere Türkiýäniñ adyndan gatnaşýandyklaryny aýtdy.

Ýakup Timur: “ bu sport bir söweş oýnudyr. Çagalara 7 ýaşyndan başlap öwredip başşlaýarys. Kökbörü “ mawy möjek” diýmek. Ozallar obadaky erkekler söweşlere giderdi. Obada galýan zenanlar sürülere bakýardy we sürülere möjekler hüjüm edýärdi.  Söweşden gaýdyp gelen erkekler möjekleri awlaýardy. Erkekler awlanan möjekler bilen oyun oýnaýardylar. Zamanamyzda bu oýun sport görnüşine öwrüldi”- diýdi.

Timur, Türkiýäniñ adyndan Gyrgyzystan we Gazagystanda gurnalan “kökbörü” bäsleşiklere gatnaşyp üstünlikli netijeler alandyklaryny aýtdy.

Habarlar