turki-dilli-urtlary-ilcileri-garassyzlygy-30-yllygy-mynasybetli-turki-ni-h

Türki dilli ýurtlaryñ ilçileri Garaşsyzlygyñ 30 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniñ Hataý şäherinde açylan surat sergä gatnaşdylar

Türki dilli ýurtlaryñ Garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniñ Hataý şäherinde açylan surat sergä Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Azerbaýjanyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri we aýallary gatnaşdy.

02 Nisan 2021 15:23

Hataý welayatynyñ gubernatory Rahmi Dogan şäher häkimligi tarapyndan gurnalan serginiñ açylyş dabarasynda eden çykyşynda ilçileri Hataý şäherinde myhman etmekden hoşal bolandyklaryny aýtdy.

Türki dilli ýurtlaryñ garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygy bilen bir hatarda 2021-nji ýylyñ “ Ýunus Emre we Türkçe ýyly” diýip  yglan edilendigini ýatladan gubernator Dogan, Türki dilli ýurtlaryñ birek birek bilen türk dilinde gepleşip bilýän bolmalarynyñ ähmiýetine ünsi çekdi.

Surat sergide her ýurduñ gymmatlyklarynyñ orun alýandygyny nygtan Dogan bu gummatlyklaryñ ýerinde görülmelidigini we munuñ üçin bolsa ýurtlaryñ arasyndaky syýahatlaryñ köpelip dowam etmelidigini aýtdy.

TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Dusen Kaseinow eden çykyşynda Türki dilli ýurtlaryñ Garaşsyzlyklarynyn 30 ýyllygy mynasybetli  medeniýetler şäheri Hataýda bolmakdan  begenç duýýandygyny nygtap: “ Geçen 30 ýylyñ dowamynda türki dilli döwletleriñ galkynyşy we gazanan üstünlikleri bizi buýsandyrýar. TÜRKSOÝ, agza ýurtlardan alýan güýç bilen halklarymyzyñ arasynda medeni we sungat köprülerini gurmak üçin köp sanda taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar güýji bilen tagalla etmäge dowam eder”-diýdi.

Kaseinow, bu çäkde Türki dilli ýurtlaryñ garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygy mynasybetli Türk Dünýäsiniñ iñ tanymal foto-suratçylaryñ çeken suratlaryndan ybarat bolan serginiñ Hataýda görkezilmeginden uly buýsanç duýýandyklaryny aýtdy.

Baş sekretar Kaseinow, “Doganlyk baglarymyz her geçen hasam pugtalanýar we garaşsyzlygymyzyñ 30 ýyllygyny uly joşgun bilen belleýän şugünki günlerde garaşsyzlygymyzyñ ilkinji gününden bäri hemişe goldaw beren doganlyk Türkiýe Respublikasynyñ bize berýän goldawynyñ manysy çuññurdur. Türk Geñeşiniñ liderler sammitiñ, hormatly prezidenleriñ gatnaşmagynda geçirilmegi bitewiligiñ iñ owadan nusgasydyr we sammitde kabul edilen kararlar bilen Türk Dünýäsinde doganlyk baglarynyñ hasam pugtalanmagy üçin möhim gadamlar atyldy”-diýdi.

Azerbaýjanyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hazar Ibrahim eden çykyşynda Türk we Azerbaýjan halklarynyñ bir millet iki döwlet bolandygyny nygtady.

Gyrgyzystanyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kubanyçbek Ömüraliýew eden çykyşynda 30 ýyl ozal asyrlyk taryhlarynda täze bir sahypanyñ açylandygyny we ýurtlarynyñ abadançylygynyñ, erkiniñ nyşany bolan garaşsyzlygyñ yglan edilendigini gürrüñ berdi.

Özbegistanyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alişir Azamhojaýew we Türkmenistanyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew hem eden çykyşlarynda doganlyk, jebislik we bitewilik çagyryşy berdiler.

Hataý şäher häkimi Lütfü Sawaş ýer eýesi bolan bu serginiñ açylyşyna gelen myhmanlara sagbolsun aýdyp bitewilik we jebisligiñ ähmiýetini nygtady.

Açylyş dabaradan soñ TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Dusen Kaseinow we Hataý şäher häkimi Lütfü Sawaş ilçilere sowgat gowşurdy.  

Habarlar