turki-dilli-urtlary-ilcileri-hata-s-herinde-turkso-se-ilg-hi-acylys-dab

Türki dilli ýurtlaryñ ilçileri, Hataý şäherinde “TÜRKSOÝ” seýilgähiñ açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türki dilli ýurtlaryñ Garaşsyzlygynyñ 30 ýyllygy mynasybetli Hataý şäherinde geçirilýän dabaralaryñ çäginde Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Azerbaýjan Respublikasynyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri Erzinde gurluşugy tamamlanan “TÜRKSOÝ” seýilgähiñ açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

03 Nisan 2021 00:26

Açylyş dabarasy, Türki dilli ýurtlaryñ döwlet senalarynyñ ýañlanmagy we 6 ýurduñ baýdaklaryny belende galdyrmak dabarasy bilen başlady.

Hataý şäher häkimi Lütfi Sawaş açylyş dabarada eden çykyşynda, “Türki dilli ýurtlardan gelen doganlarymyz bilen bir üçek astynda bolmakdan buýsanç duýýaryn”- diýip Türki dilli ýurtlaryñ Garaşsyzlygynyñ 30  ýyllygy mynasybetli gurnalýan çäreleriñ çäginde Hataýda açylan surat-serginiñ umumy gymmatlyklary görkezendigini we “TÜRKSOÝ” seýilgähiñ bolsa ýurtlaryñ arasyndaky bagyñ hasam pugtalanmagyna goşant goşjakdygyny nygtady.

TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Düsen Kaseinow hem eden çykyşynda Hataý şäherinde “ TÜRKSOÝ” adynda  bir seýilgähiñ açylmagynyñ we bu ýerde 6 ýurduñ baýdaklarynyñ belende galdyrylmagynyñ halklaryñ arasyndaky mizemez doganlygyñ nyşanasy bolandygyny aýtdy.

Seýilgähde Türk Dünýäsiniñ edebiýatyna deñi taýy bolmaýan eserler miras galdyran beýik şahsyýetleriñ relýefleri we maglumatlaryñ orun almagynyñ buýsanýandyryjy waka bolandygyny nygtan Kaseinow: “ Doganlygymyzy pugtalandyrmaga goldaw berýän ilçilerimize, gurama-edaralara we raýatlarymyza ýürekden sagbolsun aýdýaryn”-diýdi.

Azerbaýjan Respublikasynyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hazar Ibrahim eden çykyşynda Azerbaýjan-Türkiýe doganlygyny her iki ýurtda ýaşaýan ähli raýatlaryñ kalbynda görip bolýandygyny nygtap “ soñky birnäçe aýyñ dowamynda bu doganlygymyzyñ nä dereje uly bolandygyny gördik. Hemişe biziñ ýanymyzda bolduñyz. Prezidentlerimiziñ ýolbaşçylygynda Türkiýe-Azerbaýjan dostlugy uly gadamlar bilen öñe barýar. Bir millet iki döwlet şygary astynda üstünlikli işler amala aşyrylýar”-diýdi.

Türkmenistan Respublikasynyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Gyrgyz Respublikasynyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kubanyçbek Ömüraliýew we Özbegistan Respublikasynyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alişir Azamhojaýew eden çykyşlarynda seýilgähiñ gurluşugynda tagalla edenlere sagbolsun aýtdylar.

Mehter toparynyñ ýerine ýetiren çykyşyndan soñ “TÜRKSOÝ” seýilgähi açyldy.

Habarlar