turki-dowletleri-guramasy-gazagystana-goldaw-berm-ge-ta-ardyrys

Türki Döwletleriñ Guramasy: Gazagystana goldaw bermäge taýardyrys

Türki Döwletleriñ Guramasy tarapyndan berilen beýannamada ýurtda baş beren krizisi ýeñip geçmekde Gazagystanyñ hökümetine we halkyna goldaw bermäge taýar bolandyklary bellenip Gazagystanyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýewiñ halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrjak özgertmeler meýilnamasyna goldaw berilýändigini bellendi.

11 Ocak 2022 15:59

Türki Döwletleriñ Guramasynyñ agza we synçy döwletleriniñ daşary işler ministrleri Gazagystanda baş beren wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary maslahat geçirdi.

Maslahatdan soñ berilen ýazmaça beýannamada, Gazagystanda baş beren wakalarda ýogalanlar üçin gynanç bildirildi, ýaralananlaryñ bolsa tiz wagtda gowulanyşmalary arzuw edildi.

Gazagystan we doganlyk gazak halky bilen raýdaşlykda bolunandygy nygtalan beýannamada sebitiñ durnuklylyk we howpsuzlygy taýdan iññän möhüm orny eýeleýän Gazagystanda parahatçylygyň durnuklylygynyň ähmiýeti bellendi.

Beýannamada adamlaryñ janyny howp astyna alan, jemgyýetçilik tertibini bozýan we emläge zeper ýetirýän weýrançylykly hereketler ýazgaryldy we Gazagystanyň hökümetine adaty tertibi gyssagly dikeltmek ukybyna ynam bildirildi.

Halkara hukugynyň esasy kadalaryny we ýörelgelerini berjaý etmegiň möhümdigine ünsi çekilen beýannamada Gazagystanyň hökümetiniñ ýurduň konstitusion düzgünini bozmagy maksat edinýän terrorçylara, radikallara, ekstremistlere we jenaýatçylara garşy göreşde guraýan operasiýalaryna goldaw berilýändigi aýratyn bellendi.

Beýannamada, Gazagystanyñ hökümetine we halkyna häzirki krizisi ýeňip geçmek üçin zerur bolan goldawy bermäge taýýar bolunandygy ýene bir gezek gaýtalandy.

Habarlar