turki-dowletleri-guramasy-gyrgyzystan-we-t-jigistana-dartgynlygy-geplesikler-a

Türki döwletleriň guramasy, Gyrgyzystan we Täjigistana dartgynlygy gepleşikler arkaly çözgüt tapmaga çagyrdy

Türki döwletleriñ guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýew Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde baş beren ýaragly çaknyşyk barasynda beýanat berdi.

28 Ocak 2022 20:43

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde baş beren dartgynlykdan aladalanýandygyny nygtan Türki döwletleriñ guramasynyñ baş sekretary Bagdat Amreýew ýaragly çaknyşyklaryň dessine bes edilmegini isledi we dartgynlygy diplomatik gepleşikler arkaly ýagdaýy parahatçylykly çözmäge we durnuklaşdyrmaga çagyrdy.

"Türki döwletleriniň guramasy hökmünde asuda ilata garşy ýarag ulanylmagyny ýazgarýarys"-diýen Amreýew iki goňşy ýurduň serhedinde dartgynlygyň hasam möwjemezligi üçin zerur çäreleri görmäge çagyrdy.

Amreýew, Gyrgyzystanyň bu meselä parahatçylykly çözgüt tapmak ugrundaky tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.

Amreýew:"Gepleşikleriň netijesinde iki tarapyň hem birek-birege ynamy güýçlendirmek we çaknyşyklaryň öňüni almak üçin zerur çäreleri görjekdigine umyt edýäris" -diýdi.

Iki ýurduň raýatlarynyň arasynda düýn agşam başdan geçirlen dartgynlyk esgeriň arasynda çaknyşyga öwrülipdi. Geçirlen gepleşikler netijesinde çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde doly ylalaşyk gazanyldy.

Habarlar