14 Nisan 2022 16:34
Türkiýäniñ din işleri guramasy tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, Türki döwletleriñ guramasyna agza ýurtlaryñ din işleri guramalary arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryñ arasyndaky doganlyk baglaryny berkitmek maksady bilen Türki döwletleriñ guramasynyñ din işleri guramasynyñ ýolbaşçylarynyñ maslahaty geçiriljekdigi mälim edildi.
Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyñ Guramanyñ döwürleýin başlygy bolandygy ýatladylan beýannamada; “ Din işler guramasy bolup 100 ýyla golaý gazanan tejribelerimizi, ýurduñ içinde we daşary ýurtlarda durmuşa geçiren taslamalarymyzy we din hyzmatlary we din ylmy bilen baglanyşykly ýöreden işlerimizi Türki döwletleriñ guramasyna agza ýurtlaryñ din işleri guramalary bilen paýlaşmaga, tejribe alyş-çalşygy etmäge, hyzmatdaşlygymyzy hasam pugtalandyrmak üçin bu maslahata ýer eýeçiligi etmäge taýar bolandygymyzy bildirýäris”-diýildi.
Maslahat Aýasofýa toplumynda geçiriler
Türki döwletleriñ guramasynyñ Din işleri guramasynyñ ýolbaşçylarynyñ maslahaty ertir Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ gatnaşmagy bilen Aýasofýa toplumynda başlar juma namazyndan soñ bolsa Aýasofýa toplumynyñ içindäki medresäniñ açylyş dabarasy bilen dowam eder.